Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄZLI  ÝAR
ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA PYÝALA REHM  ETMEZMIŇ HALYMA? (MELLEK)
ŞIRMAÝY  DARAK GURBANY MEN OWADAN  GELIN
NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ

NÄZLI  ÝAR


Gara saçyň gije dýiýp, uklap men,

Gündiz eken, çoh armanym, näzli ýar.

Saba-säher wagty diýip, çaklap men,

Çeşmim açsam, arman eken, näzli ýar!


Gel, görüşseň keramatly goluňdan,

Aýlanaýyn dahanyňdan, diliňden,  

Gahar etme, golum salsam biliňden,!

Ataşgähi sen, suzanym, näzli ýar.


Tarypyn eşitdim  gara gözüniň,

Gedasy men, dostum, güler ýüzüniň,

Zybandan aýrylan her bir sözüniň

Kesgil başym, men gurbany, näzli ýar!


Nepes diýer, yşkym  hetden  aşypdyr,

Tomaşaňa ulug iller  üýşüpdir,

Gözüm açsam, aýym-günüm  ýaşypdyr,

Zyndan boldy giň jahanym, näzli ýar.