Keşt edip gezmişem  pany jahany,
										Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
										Köňlümiň aramy,  menzil-mekany,
										Şeýda  köňül joşmaz özge güllerde.
										
										
										Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
										Yşgyňda  bahar men, köýüňde nar
										Tä ölunçäm, seniň ýoluň garar men,
										Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.
										
										
										Säher seýle çyksa, ger tökse siller,
										Owsunar her ýana, tutukdyr tiller,
										Zerefşan gulpagy, saýa käkiller,
										Çöşseň ýere duşer, örseň  biller.
										
										
										Nergiz gaşyň, helal gözüň gurban,
										Adyň zikr etmäge dilde ýok perman,
										Bir janym bar, müň derdim bar, sen derman,
										Jismim ot içinde, ýaşym sillerde.
										
										
										Nepes diýr, adatdyr möwç urup joşma,
										Aşyga humardyr ogryn garaşma,
										Hem jilwe, hem gamza, näzu-kereşme,
										Mekan tutmuş göz-gaşyňda, gollarda.