Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝAR BIR ÝANA, BIZ BIR ÝANA PYÝALA REHM  ETMEZMIŇ HALYMA? (MELLEK)
ŞIRMAÝY  DARAK GURBANY MEN OWADAN  GELIN
NAZAR  KYLSA  DIŞLERIŇ ÝAR,  SAŇA

ŞIRMAÝY  DARAK


Dilber, ýazaram waspyň,

Ýandym ki  pyrakyňdan.

Men  teşnäni  bir  gandyr,

Meý berip dodakyňdan.


Ýar  kamaty  peýkerdir

Ruhsary onuň zerdir,

Älem   ki  minewwerdir,

Göwsündäki akynda.


Baglarga   kylam   seýran,

Aklymny kylyp haýran,

Zülpüňni bölüp her ýan

Şeýda köňlum seýil gähi.


Çün  aşygy-mestanam,

Laglyň meýinden ganam,

Hem serine gurbanam,

Hem gaşy-gabakyňdan.


Mestana Nepes her dem,

Özüne dilär hemdem,

Tozuň ýüzüme sürtem,

Ger çyksa  aýakyňdan.