Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BIGANA ÝAGŞY ÝALANDADYR

ÝALANDADYR


Barça günäniň enesi,

Gybat bilen ýalandadyr,

Ili aldamak -tenesi 

Az berip, köp alandadyr.


Men-menlikde gezer .käsi 

Günbe-günden bolar asy.

Agyz  içiniň yzasy 

«Gah-gah»  edip  gülendedir.


Ýygjak bolup dünýä-zeri,

Garyplara derdeseri,

Zat diýp çapar baýy-piri,

Gözi gumdan dolandadyr.


Ne pakyry, ne daýhany,

Ölüm bilmez begu-hany,

Bir wagt çekerler  puşmany,

Haly zebun bolandadyr.


Zelili aýdar, bu haly,

Kimse egsik, kimse doly,

Eziz ömrüň zowaly,

Eltip göre salandadyr.