Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ISLEMEN  SENI
BIGANA ÝAGŞY ÝALANDADYR

ISLEMEN  SENI


Köp çekdim jebriňi Jepaly,dilber

El göterdim indi, islemen seni,

Bolmadyň sen maňa wepaly,

dilber, El göterdim  indi, islemen seni.


Dünýä eşretinden jyda eýlediň,

Mejnun dek yzyňda  geda eýlediň,

Halaýyk içinde ryswa eýledin.,

El göterdim indi, islemen seni.


Dönüp, garar  bolsam öten mahala,

Ahy-hasrat bilen geldim bu hala,

Aýlansaň başyma günde ýüz ýola,

El göterdim indi, islemen seni.


Göz ýaşym  akmakdan hunriz bolupdyr,

Synam  jerahaty göz-göz bolupdyr,

Meniň senden iýnim  bez-bez bolupdyr,

El  göterdym  indi, islemen seni.


Zelili diýr, keşdim suwda synandyr,

Istihanym yşk oduna ýanandyr,

Indi  köňlüm senden  buza dönendir,

El göterdim  indi, islemen seni.