Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

JANYMYŇ  JANANASY
BIGANA ÝAGŞY ÝALANDADYR

JANYMYŇ  JANANASY


Sen-sen mennň dilberim,

Janymyň jananasy;

Iki jahan serwerim,      

Köňlümiň gamhanasy.


Ýüzleriň gül-gülmüdir,

Owazyň bilbilmidir,

Zülpleriň sünbülmidir,

Dişleriň dür dänesi.


Yklym perizady sem,

Gamgyn köňlüm şady sem, .

Sen bir yşkyň ody sen,

Men pakyr perwanasy.


Men bir misgini-gedaý,

Sen näzenin, husna baý,

Kirpigiň ok, gaşyň  ýaý,

Men onuň nyşanasy.


Zelili; ahy-zaryň,

Dilberim, alla  ýaryň,

Birew sorsa «Ne käriň?»,  

Bir  senem diwanasy!