Könlüň şikes bolup, raýyň öwrülse,
										Yşkyň gaýra  teser, içde dert  galar,
										Ýowuz ýerde ganym ýüzbe-ýuz gelse,
										Yzyn dönmez, namart gaçar, mert galar.
										
										
										Duman gitmez belent dagyň başyndan,
										Hiç kim datmaz bahyllaryň aşyndan,
										Beg iline gazap etse daşyndan
										Döze bilmez, göçer gider, ýurt galar.
										
										
										Agsak  «gal» diýende, gala  bilmese,
										Kör ses nirdedigin bile bilmese,
										Aşyk magşugyny ala bilmese,  
										Ýüreginde mydam ýanar ot galar.
										
										
										Nesihat almaza berme nesihat,   
										Her kim yhlas bile diňlese öwüt,
										Näkesden  pis görme, ýamandan-bedgat,
										Ýagşylardan halka ýagşy at galar.
										
										
										Zelili diýr, her ,söz ,geler zybana, 
										Ygtybar ýok jeset içre şu janda,
										Gelen  geçer bu ýalançy jahana,    
										Ýagşgy-ýaman, türkmen ne-de kürt galar.