Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KÖZ  BILÄNI
BIGANA ÝAGŞY ÝALANDADYR

KÖZ  BILÄNI  


Dilber, sen  meni ýandyrdyň,

Bir görünmez köz  biläni,

Ýene ýüz kürsä mündürdiň,

Müň doýdurdyň näz biläni.


Ýakyp sen içim-daşymy,

Telbe edip sen başymy

Alyp sen akly-huşumy

Şol pyýala göz biläni.


Husnuň dünýä şugla salar,

Aý-gün ýanaşsa, uýalar,

Özünden giden köp bolar,

Ýörir bolsan düz  biläni.


Düşseň men.gulunň eline,

Mal-başym  huda ýoluna,

Men bermenem ýüz geline,

Ýene togsan gyz bilani.


Zelili  diýr,  şamçyragym,

Iki jahanda  geregim,

Yşkdan dolupdyr ýüregim,

Egsebilmen  söz  bileni.