Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

LEÝLI  GEREKDIR
BIGANA ÝAGŞY ÝALANDADYR

LEÝLI  GEREKDIR


Dergähgщe bir  arzym  bar, ýaradan

Bize bir mähriban Leýli gerekdir;

Bugdaýy reň bolsun akdan-garadan,

Ýagşy gylyk, ýagşy hoýly gerekdir.


Gaýraty köp bolsun işde, jedelde,

Gara saçy düşsün ak ýüze dalda,

Ýagşy ata,  ýagşy ene görelde,

Aşygy öldürji towly gerekdir.


Boýy uzyn bolsun, ýüzi ak bolsun,

Balaman bakyşly, tugun tap bolsun,

Hemme bet işlerden süňňi sap bolsun,

Emma bezenişi şaýly gerekdir.


Zelili, dergähe ýüzüm tutar men,

Kabul kylsan, şirin jandan öter men,

Gadam goýsaň gaş üstüne götär men

Didämiň üstünde ýoly gerekdir.