Gulam şahym, saňa dada gelmişem,
										Eşitgin  arzymny, haraýym  Döndi,
										Perwana dek urup oda gelmişem,
										Eger  razy bolsaň ýanaýym, Döndi.
										
										
										Ýaradan alladan gaýry pena ýok,
										Dilde zikir, senden başga sena ýok,
										Men bilmedim, mende zerre günä ýok,
										Hatam, bolsa, geçgin günäýim,   Döndi.
										
										
										Hijran ody bilen ýürek daglaly,
										Iki elimiz ýakamyzda baglaly,
										Çola ýerde zaryn kylyp aglaly,
										Ahyry işidir hudaýym, Döndi.
										
										
										Zelili diýr, indi telbe bolup men,
										Çykabilmän, yşk bährinde galyp men,
										Seýdini alyp, seýle gelip men,
										Budur meniň dostum  hemraýym, Döndi.