Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HAJYGOLAK


Arzym eşit, mähribanym jan enem!

Eziz başym meni ýardan gizleme.

Hasrat çekip ýutadyr men gan, enem,

Goý gideýin, meniň yzym yzlama.


Bilbil uçdy, gül şahasy boş oldy,

Ah odundan ýürek gaýnap joş oldy,

Ýaşlygymda mährim-mähre duş oldy,

Mundan artyk kesip bagrym duzlama.


Degme, ene, ýarym yzlap baraýyn,

Gül ýüzüni doýa-doýa göreýin,

Atam bilse, özüm jogap bereýin,

Ýakmaz sözni,ene, maňa sözleme.


Sabr eýlesem, suw dek erip akarmen,

Ýar ýoluna günde ýüz müň bakarmen,

Merdi-meýdan yşk ýoluna çykarmen,

Dirilik mülkünde meni gözleme.


Leýli perýat eýläp, bagry eziler,

Galam gaşy, gara gözi süzüler,

Ot tutaşyp, köňül mülki bozular,

Hijran okun köp eýlebän tizleme.