Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

DÖNDI


Aýp eýlemäň, eý ýaranlar!

Menin işim zara döndi,

Hoş galyn, dost gadyrdanlar!

Sizden bu biçäre döndi.


Yşk silaby mana ýetdi,

Men garyby,garkab etdi,

Elimden  ygtyýar gitdi,

Gül açylmaý, hara döndi.


Men yşkyň oduna ýandym,

Köp  melamata boýandym,

Yşkyň şerabyna gandym,

Içdigim hunhara döndi.


Bolmasaýdy ata-ene,

Gelmez erdim bu jahana,

Yşk oduna ýana-ýana,

Baş-aýagym nara döndi.


Kimi-kim yşkdan ýat eder,

Gamgyn köňlüni şat eder,

Jahanda ýagşy at eder,

Mejnunyň jepbara döndi.