| Çopan aga, alyp geldiň bu taýa, |
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? |
| Ýalan sözläp, duşman bolma hudaýa, |
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? |
| . |
|
| Dost bolup, duşmanlyk etme arada, |
Ýaşyň uzak bolsun, ömrüň zyýada. |
| Şu gije göterip gaçdyň pyýada, |
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? |
| . |
|
| «Tur Öwez» diýip, haýbat bilen öldürdiň, |
Mertligiňi Ýusup şaga bildirdiň, |
| Erk galanyň gapysyny syndyrdyň, |
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? |
| . |
|
| Çopan aga, meni aldyň-da gitdiň, |
Görmedik, bilmedik jaýyma eltdiň, |
| Han Öwezi şu gün sergezdan etdiň, |
Goýun bilen pul diýgeniň rastmy? |