|  | 
							
								| 
										
 Çandybile alyp bardym, Garyp görüp mama seni. Haýyr edip, engam  berdim, Erk etdim dükana seni. 
 Sen neçün meni zar etdiň? Bir goç ýigidi har etdiň, Gyratymny ebgar etdiň, Tapmyşam pinhanda  seni. 
 Şümi saýryýan dilleriň, Gyraty tutan  ellerin., Indi bent boldy ýollaryň, Öldürin merdana seni. 
 Gyratymny nirde goýduň? Tap  basym, deriňi  soýdum, Gazap bilen gözüň  oýdum, Hudaý urdy, mama seni. 
 Şatyr bolup ýoluň tusup, Ganym bolup üstün, basyp, Gulagyň, burnuňy kesip, Ryswaýy-jahana  seni. 
 Görogly, tapdym geregim, Indi sowady ýüregim, Gyrat ganatym, diregim, Şol ýetir mekana meni. |  |  |