SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AZM

AZM: azm urmak (etmek) — haýbat atmak, gazaplanmak, biriniň üstüne çişmek.

Onda näme maňa azm urýarsyň? (Myraly). Garyba azm edýenleň, Indi hiç çykmaz sesi (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


AZMAK [a:zmak], 1. Ýoldan çykmak, ýoluňy urdurmak, ahlak taýdan bozulmak. Şu hili ýagdaýda iň abraýly maşgalanyň hem azmagy mümkin — diýdi (N. Jumaew, Ak derek). Durmuşda azan abraý gaçyrýar («Tokmak» žurnaly). Gyzyl görse, Hydyr azar (nakyl).

2. Çişmek, beterlemek, simlemek (ýara hakda). Onuň elindäki ýara azypdyr.


AZMAN, zool. Dört ýaşyna ýeten teke.