SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÝA


AÝA [a:ýa], Eliň iç ýüzi, ýumruk açylanda eliň iç ýüzündäki tekiz ýer.

Ene işikde saklandy-da, eliniň aýasyny gözüne penalap, içerik garady (M. Gorьkiý, Ene) .

* Eliň aýasynda saklamak — ser. E l. Şunuň ýaly ärim bolsa, men elimiň aýasynda saklardym (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Elin aýasy ýaly — ser. E l. Eliň aýasy ýaly meýdan.


AÝAW, Gorama, gorap saklama, zaýa etmän saklama. Kostýumy aýaw bilen geýmek.


AÝAWLY, Goralýan, aýalyp saklanylýan. Ýene sen özüňi aýawly sakla! (M. Gorьkiý, Ene).

Men kitaplary aýawly saklamak barada gürrüň berdim («Mydam taýýar» gazýeti).


AÝAGUÇ [aýagu:ç], Gyşarylan, ýatylan wagtda aýak tarap.


AÝAZ, Güýçli gury sowuk, aňzak. Kär edip bilmedi aýaz hem ýalyn, Serwimiz ýetirdi boýun hem

inin (N. Pomma, Saýlanan eserler). Çapgyn aýaz degen ýerini kesip barýardi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly] .Gar «ýagdy» diýip begenme — aýazy bardyr; işan «geldi» diýip. begenme—nyýazy bardyr (nakyl).

* Ç a k y r   aýaz — gury, ýiti aýaz, içiňden-bagryňdan geçip barýan sowuk.


AÝAZLAMAK, Sowuk bolup durmak, sowuk halynda durmak. Aýazlap duran suw.


AÝAZLATMAK, Sowukda goýmak, sowuk kakdyrmak. Aýazladyp goýmak.


AÝAZLY, Aýazy bar bolan, güýçli sowuk howaly. Aýazly gijäniň asmanynda patrak ýaly ýyldyzlar ýaldyraşýardylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


AÝAK, 1. Janly jandarlarda ýöremek üçin hyzmat edýän organ.

Baş ulusy — döwlet, aýak ulusy mähnet (nakyl).

Aýagy uly syganyn geýer, aýagy kiçi — söýenin (nakyl)

2. Stoluň, stuluň, taganyň we ş. m. daýanjy.

Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri synsa, hiç bolar . (nakyl).

3. Derýanyn, akar suwun baryp guýýan ýeri.

4.Ahyr, soň, aýyň, ýylyň, paslyň we ş. m. gutaryp barýan wagty, döwri. Gyş paslynyň aýagy ýakynlaşdy, şu gün hem soňky günlerden biridi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şahyr 1822-nji ýylyň aýaklarynda özüniň Ýekaterina II hakyndaky ullakan oçerkiniň üstünde işleýär (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

5. Kömekçi söz rolunda: Olar derýanyň aýagynda ýaşaýarlar.

* Aýaga   g a l m a k — 1) bir işiň ugruna düşmek, baş götermek, garşy çykmak.

Eý ezilen gullar, aýaga galyň! (A. S. Puşkin, Saýlanan. eserler);

2) sagalmak, keselden gutulmak.

Baş-da çyrçyklydy, daýandy çaga,  Kem-kemden özi-de galdy aýaga (A. Kekilow, Söýgi).

Aýagy  a g y r— 1) göwreli;

2) aýagy düşmedik, şowsuz.

Aýagy bişen ýaly bolmak — bir ýerde durmazlyk. Maisa aýagy bişen ýaly bolup, iki ýana zowzuldady. Aýagy düşmek — ser. Düşmek.

Aýagy düşümli bolma k— haýyr bermek, wepaly bolmak, bagt getirmek (täze durmuşa çykan gyz hakda).

Aýagy ýer tutmak—bir ýerde ymykly ýerleşmek. Onuň aýagy sähel ýer tutsa, dost-ýary däl, halkyny hem unutjagyna ynanýan (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) .

Aýagy na ýykylmak — ýalbarmak. Geldi käse pisini aşyryp, onuň aýagyna ýykyldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Aýagyny baglamak — öýli-işikli etmek, öýermek.

Aýagyny daňmak — öýlendirmek, öýli-işikli etmek.

Aýagyny kesmek — gelmegini bes etdirmek.

Aýagyny sallap gitmek — biderek, nähak, ýok bolmak.

Aýagyny bir ýere depmek — öz aýdanyňy etdirjek bolup ýan bermän gaýtalap durmak, özüňkini gögertjek bolmak. Biz öz aýagymyzy bir ýere depip, edi gat ýer astyndan göwher almaga ymtylýarys («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Aýagyňy dürs basmak — dogry gezmek,özüňi gowy alyp barmak.

Aýak aldygyna — örän çalt, örän' gaty. Aýak aldygyna çapyp barýar (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

Aýak astyna alma k—basgylamak, depelemek.

Aýak  bagy — päsgel berýän, böwet bolujy, asgynjaň.

Aýak bitmek — ýöremäge başlamak (çaga hakynda). Abadan ýaňy aýak bitenje gyzjagazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Aýak ýoluna çykmak — meýdan etmek. Arakhor Isfendiýar, aýak ýoluna-da meniň rugsadym bilen çykmaly bolar («Sowet edebiýaty» žurnaly) .

Aýak sekmek—aralaşmak, gelmek. Şäher içine hiç bir duşman aýak sekmez (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Aýak çekmek — durmak, saklanmak. Ýaş ýigit aýak çekdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) .

Aýak ýazmak — dem-dynç almak, az wagt dynç almak üçin oturmak.

Iki aýagyny bir gonja sokmak — çykalgasyz ýagdaýda goýmak, bialaç etmek.


AÝAKGAP [aýakga:p], Deriden ýa-da başga materiallardan tikilip, aýaga geýilýän gap.

Ol, taýýar aýakgaplar edarasynyň başlygy. («Tokmak» žurnaly). Ol öýlerde aýakgap ussalary bolupdyrlar (Gadymy dünýe taryhy).


AÝAKGAPLY [aýakga:ply], Aýakgaby bar bolan, aýagyna aýakgap geýdirilen.


AÝAKDAŞ, 1.Deň çapýan, deň gidýän (at hakda).

2. Deň barýan, biri-birinden galman barýan, bir hatarda barýan. Şol iki brigada birinji orunda aýakdaş barýardylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Kolhozyň gyzlaryndan hem bular bilen aýakdaş gidişýenleri kändi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


AÝAKDAŞLYK, 1. Deň , çapmaklyk, deň gitmeklik (at hakda).

2. Deň baryjylyk, biri-birinden galman barmaklyk.


AÝAKLAMAK, Gutarmak, ahyryna çykmak, tamamlamak.

Durdy çopan sözüniň yzyny aýaklamanka, bir aýylganç ses eşidildi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Biz gürrüňimizi aýaklamankak, gyzjagaz howlynyň gapysyndan girdi («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


AÝAKLANDYRMAK, Ýöremegi öwretmek, ýöremäge endik etdirmek. Göläni aýaklandyrmak.


AÝAKLANDYRMAKLYK, ýöremegi öwretmeklik, ýöremäge endik etdirmeklik.


AÝAKLANMAK, 1. Ýöräp başlamak, aýak bitmek, ýöremekligi öwrenmek.

Aýaklananyňda eliňden tutup, ýörjen-ýörjen eden, dil öwreden kim? («Mydam taýýar» gazýeti).

Göle aýaklanypdyr.

2. Gutarylmak, tamamlanylmak.

3. Aýagyna ýetmek, ahyryna çykmak. Ýyl aýaklandy.


AÝAKLATMAK, Gutartmak, tamamlatmak, gutarmaklyga mejbur etmek, ahyryna çykdyrmak.


AÝAKLAŞMAK, Aýakma-aýak paýlaşmak, her kim bir aýagyny almak. Bir goýny aýaklaşdyk, Aýaklaşyp mal öldürmek.


AÝAKLY, 1. Aýagy bar bolan.

2. Gaty ýöreýän, çus, ýörgüp, gitgir. Aýakly at.

* D ö r t   a ýa k l y — aýagy dört bolan hemme mallar.

Iki aýakly — adam. Iki aýakly, iki günde (nakyl).

Elli- aýakly — işe ukyply, hereketli, iş başarjaň.

Ol elli-aýakly maşgala ahyryn.


AÝAKSYZ, Aýagy yok, aýagy bolmadyk, aýakdan mahrum bolan. Aýaksyz adam.


AÝAKSYZLYK, Aýagy ýokluk, aýagy bolmazlyk, aýakdan mahrumlyk.


AÝAKÇY, Mör-möjekler maşgalasyndan bolan, çybyna meňzeş, iki ganatly möjek.


AÝAKÝALAŇ, ser. Aýakýalaňaç. Aýakýalaň gezena üçin jaýryk-jaýryk bolan. dabanlary-da, ökjeleri-de onuň gözelligini bozup bilmeýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


AÝAKÝALAŇAÇ, Aýagy aýakgapsyz, aýakýalaň,

Ol bütin ýyllap aýakýalaňaç gezýär («Pioner» žurnaly). Aýakýlaňaç oýnamak.


AÝAL [aýa:l],  1. Jynsy boýunça erkege gapma-garşlykly bolan adam, şahs.   

Erkek azat, aýal azat, gyz azat  (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Ýoldaş, ýassy daş, hatyn, heleý.  Ol haty, belki, özüniň iň golaý adamlaryna ýazandyr, belki,aýalyna    ýa çagalaryň ýazandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Kakaly ýuwnup bolýança, aýaly Üzümgül nahar getirdi.

* Öý   hojalykçy  aýal — jemgyýetçilik işinde işlemän, diňe öý hojalyk işi bilen meşgullanýan aýal.


AÝAL-GYZ [aýa:l-gy:z], Aýal we gyz diýen manyda ulanylýan tirkeş söz.

Men şu ýerde aýal-gyzlaryň ýüzüni-gözüni baglap gelen bürenjegi başymdan sypyryp, yeriň ýüzüne çalýaryn — diýdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Aýal-gyzlar barasynda bolsa onuň ýüregi örän ýukady, emma onuň utanjaňlygy tüýs uly gyzyňky ýalydy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AÝALLYK [aýa:llyk], Aýal bolmaklyk ýagdaýy, gyzyň. durmuşa çykandan soňky ýagdaýy.


AÝALMAK, Goralyp saklanylmak, aýawly saklanylmak, gaýgyrylyp saklanylmak.


AÝAMAK, Aýawly saklamak, gaýgyryp saklamak, goramak, gaýgyrmak. Şony bilýän bolsaň, sen hiç gysylmagyn, öz janyňa gerek zady hiç aýamagyn (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Şonuň üçin hem Görogly ony örän aýap saklaýar («Görogly» eposy).

Nanyny aýan aşa ýeter, donuny aýan — toýa (nakyl).


AÝAMAKLYK, Aýawly saklamaklyk, gaýgyryp saklamaklyk, goramaklyk.


AÝAN [aýa:n], Aýdyň, äşgär, mälim, açyk, belli.

Her kim öz pikirini aýan etjek bolýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly.).

Bu usulyň iň peýdaly usuldygy, dura-bara hemmelere aýan boldy («Zehmet gahrymanlary»).


AÝANJAŇ, Zady aýap saklaýan, gorap saklaýan.


AÝANLYK [aýa:nlyk], Aýdyňlyk, äşgärlik, mälimlik, açyklyk, bellilik.


AÝANMAK, Öz-özüňi aýamak, özüňi seresaplyk bilen goramaklyk.


AÝAT [a:ýat], dini. Gurhanyň bir suresi, gurhandan alnan şygyr (dine ynanýan adamlaryň arasynda öleniň hatyrasyna okalýan doga).

Şonuň üçin ol toý gutlajagyny, ýas tutup, aýat okajagyny bilmän, mähetdel galypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Eýlediler uly hormat, Oňa okap doga, aýat (A. S. Puşkin, Ertekiler).

Öli aýatdan doýmaz, diri — hezzetden (nakyl).


AÝATMAK, Aýawly saklatmak, bir zady aýap goýdurmak.