SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ASS

ASSA, Ýuwaşlyk bilen, çalt däl, ýuwaş-ýuwaşdan,haýal. Assa basyp, ýöräp gelýär gaz ýaly, Galammyň

ýazany maňa az ýaly (N. Pomma, Saýlanan eserler). Düşündiňizmi? Soragyňyz barmy? — diýip, şeýle assa, emma dözümli merdanalyk bilen töweregindäkilere ýüzlendi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ASSA-ASSA, ser. Assa. Assa-assa ýöräp, öz köşgüne tarap ugrady (M. Gorьkiý, Eserler).


ASSAJA, Ýuwaşja, çalaja, emaý bilen, howlukman.

Kösük barmaklaryn oýnap assaja, Ene berdi öten ýylky sowaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ASSALYK, Howlukmazlyk, haýallyk, ýuwaşlyk. Guzubaýew assalyk bilen diwanyň gyrajygynda oturdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ASSAMBLE'ÝA, Haýsy-da bolsa bir guramanyň diplomatik ýa-da başga bir hili häsiýetdäki umumy ýygnagy. Birleşen Milletler Guramasynyň baş assambleýasy.


ASSAR, ser. I ç l i k. Ýüpekden assar etmek.


ASSARLAMAK, Assar tikmek, assar goýmak, içliklemek. Penjegi assarlamak. Güpbini assarlamak.


ASSARLATMAK, Assar tikdirmek, assar goýdurmak, içlikletmek.


ASSARLYK, Assar etmek üçin mata, içliklik.


ASSENIZATOR, Assenizatsiýa bilen meşgul bolýan işgär.


ASSENIZA'TSIÝA, Hapaçylygyň soňuna çykmak üçin arassaçylyk çäresi.


ASSIGNA'TSIÝA, Russiýada 1769—1843-nji ýyllar arasynda ýöredilen kagyz pul.


ASSIGNO'WKA, Goýberlen pullary bankdan almak üçin dokument.


ASSIMILIRLEMEK, Görnüşini üýtgedip meňzetmek.


ASSIMILIRLENMEK, Görnüşi üýtgäp meňzemek.


ASSIMILÝATOR, Assimilleşdirmek işini alyp barýan adam, assimilleşdirjek bolýan adam.


ASSIMILÝA'TSIÝA, lingw. Sözüň bir sesiniň ikinji bir sese meňzemegi. Progressiw assimilýatsiýa. Regressiw assimilýatsiýa.


ASSIRIÝALYLAR, Ýakyn Gündogarda hem Zakawkazýe-de ýaşaýan, semit dillerine degişli halk.


ASSISTE'NT, 1. Professoryň, wraçyň we ş. m. ýanyndaky kömekçi işgär. Maral jan, şuny bir özüňe assistent edip alsana (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Assistent bolup işlemek.

2. Ýokary okuw jaýlarynda kiçi mugallymlyk wezipesi.


ASSISTENTLIK, Assistentiň wezipesi, käri. Assistentlik etmek.


ASSONA'NS, edeb. Goşgy setirlerinde çekimli sesleriň kapyýadaş gelşi, sazlaşygy.

Keminäniň şygyrlarynda alliteratsiýa we assonans çuň manynyň sazlaşykly söz düzümleri arkaly berilmegine hyzmat edýärler («Edebiýat»).


ASSORTIME'NT, Harytlaryň dürli sortlarynyň ýygyndysy. Naharlaryň assortimentiniň köp bolmagy we hiliniň gowy bolmagy, birinji nobatda, aşpezlere baglydyr («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


ASSOTSIA'TSIÝA, 1. Bir kärdeş adamlaryň ýa edaralaryň birleşigi.

2. Haýsy-da bolsa bir duşünjäniň başga bir düşünje emele getirmegi esasynda aýry-aýry duşünjeleriň baglanyşygy. Meňzeşlik boýunça assotsiatsiýa.


ASSOTSIIRLEMEK, Näme-de bolsa bir zadyň arasynda assotsiatsiýany amala aşyrmak.


ASSYRYN [assyry:n], Hiç kime duýdurman, gizlin, ýaşyryn. Assyryn aglaýar onuň ýüregi, Ýaş dökýär, duýmaýar daş-töweregi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ASSYRYNLYK [assyry:nlyk], Gizlinlik, ýaşyrynlyk, ýuwaşlyk. Gylyç Gajar ogly assyrynlyk bilen ýalbaryp, ýüz tutup hem gördi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).