SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇA

[a:n], 1. Pikir, oý, düşünje.

Her işiňde kuwwat berýär aň saňa (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Täze ahlak adamlaryň aňyna ýerleşip, köne urp-adatlary gysyp çykarýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Huş, akyl.

Ýykylýan, iňleýan hatda ölýän hem, Ýeňişden özgesi gelmeýär aňa (B. Kerbabaew, Aýlar).

Ak gireni bilen aň girmez (nakyl).

* Aňyňy ýitirmek — akyldan azaşmak, akylyňy aldyrmak.


AŇALMAK, Aňka-taňka bolmak, haýran bolup durmak, bir zady geň görüp seredip durmak, aňkarmak. Aýna aňlady, Mama aňalyp galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýeri, tilki dost, näme aňalyp dursuň? — diýip-dir («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


AŇALTMAK, Aňalyp duruzmak, aňalyp durmagyna sebäp bolmak, aňkartmak, haýran galdyrmak.

Pökgi walanyň habary, bulutsyz günde çakan ýyldyrym ýaly, adamlaryň baryny aňaldyp goýdy.

(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AŇALYŞMAK, Köp bolup aňalyp durmak, ankaryşmak, haýran bolşup durmak.

Aňalyşyp durmaň-da, işiňiz bilen boluň!