SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AK

AK [a:k] I, 1. Garyň, meliň reňki ýaly reňk, garanyň antonimi. Ak kagyza keşde çekýäs, Kuwwat berip ellermize (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ogulgerek onuň gözleriniň içine we ak sakgalyna seretdi (N. Saryha-now, Saýlanan eserler).

2. Arassa, sap, päkize. Sud ony ak diýip tapdy. 

Ak altyn — ser. A l t y n. Ýer ussatlary bu ýeriň her gektaryndan 50 tsentner ak altyn almaga çalyşýarlar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Ak girmek — saç-sakgalyň agaryp ugramak, saça ak düşmek. Seniň sakgalyňdan ak girse-de, aň girmändir (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Ak pata b e r m e k — ser. P a t a II.

Ak tam bolmak — gaty gorkmakdan ýa-da utanmakdan ýüzüň reňki gaçmak. Köp ýola gidensoň şa gyzy, Gorkup ak tam boldy ýüzi (A. S. Puşkin, Ertekiler).

Ýoluň ak bolsun!—Ser. Ýol. Ýoluňyz ak bolsun, ýoldaşlar! («Mydam taýýar» gazýeti).

Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň — hak (nakyl).


AK [a:k] II, Süýt-gatyk. Biz ýazyna goýnuň agyndan garnymyzy ýazdyk.


AK [a:k] III, Arpa-bugdaý. Men çaga wagtymda-da ak ekilýen ýer şoldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


AK [a:k] IV, dial. Balyk tutulýan uly tor. Deňizde ak gurduk.