SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AHA

AH I, Gynanmaklygy, käýinmekligi, ökünmekligi aňladýan ümlük.

Ah, nirede sen, meniň ezizim, tä ölýänçäm unudylmarsyň (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AH [a:h] II, Ahmyr, nala. Onuň bu ahyna prokuror düşünäýmese, biz-ä düşünmedik («Tokmak» žurnaly). <> Ah çekmek — nala çekmek, zarynlamak. Dünýäde näçe adam bar bolsa, olaryň her haýsy özüçe ah çekýär (M. Gorьkiý, Ene).


AH-A, Dabaraly, şatlykly intonatsiýa bilen ýüz tutulanda ulanylýan ümlük.

Ah-a, şeý diýseňiz-le! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AHAW [aha:w], Birine ýüz tutulanda ulanylýan ümlük.

Ahaw, kärdeş! Hany aşak düşsene! — diýip, sag elini galgatdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).