SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÇA

[a:ç], Açlygy duýýan, dok däl, zat iýmedik. Kimleri aç edip, kimleri galtan, Kimleriň tagtyny zer

eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Dok çaýkanman, aç doýmaz (nakyl).

<>Aç eşege Ýük — ser E ş e k. Seniň bu palьtoň aç eşege ýük boljak.

Ýarym a ç — iýmit bilen doly üpjün bolmadyk, çala mydar,ýarym dok.


AÇAR, 1. Gulpy we ş. m. açmak, ýapmak üçin metaldan edilen gural.

Ol jübülerinden halka düzülen bir topar açar çykaryp, gulpy açjak boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Açarsyz gulp. Açar ýitirmek.

2.Umuman bir zada düşünmek, akyl ýetirmek üçin serişde. Göwün bir hazyna bolup, dil hem onuň açaryyr («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Pagta azat zähmetiň açarydyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


AÇARÇY, 1. Açar ýasaýan ussa.

2. Açar saklaýan. Obasyny, dolandyrmaklygy özüni haladan açarçy kempirine tabşyrdy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


AÇ-AÇAN [aç-aça:n], Açykdan-açyk, dogrudan-dogry, gös-göni.

Bu işde hiç bir gizlin zadyň ýokdugyny aç-açan aýtdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).