Alkyşlar we dilegler | Küştdepmele | Monjugatdylar | Şorta sözler |
Hüwdiler | Läleler | Nakyllar | Ýaňyltmaçlar |
Öleňler | Matallar | Sanawaçlar | Ýomaklar |
Yrym we ynaçlar |
ŞORTA SÖZLER
ÇORBANYŇ ÇORBASY Günlerde bir gün bir daýhan Ependä towşan getirip beripdir.Bir hepdeden soňra şol daýhan ýene Ependiniňkä gelipdir. Ependi ony tanamadyk bolýarmyş. Daýhanlar geň galypdyrlar. Tabaga seredişip: |
. |
EPENDI BILEN GEDAÝ Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuň gapysyny kakypdyr. Ependi: |
. |
HOJAŞYŇ HEKAÝATLARYNDAN * * * Hojaş özüniň çalarak tanyşlarynyň birki sanysy bilen gabat gelşip, özara gürrüň edişip duran ekeni. Şonda birden onuň ýoldaşlary Hojaşyň ustaşyry seredişipdirler-de: Bäh, bäh edip dirije ýandyrjak diýşip, başlaryny ýaýkşypdyrlar. Hojaş yzyna gaňrylyp ser etse, ho-ol aňyrrakdan bezemen geýnen maşgalasy Bahargül geçip barýan eken, Oňa az salym wagt seredip duran Hojaşam: Hawa, sizi daşy ýakýar, meni bolsa açi diýipdir, * * * Gaýtargysyndan ýonýan, sünkli çekip, kem berýän, şonda-da ulakan bir galyp barýan zat ýok diýip, bir gün Hojaşyň et dükänynda işleýän dostlarynyň biri zeýrenen. Onda Hojaş: Onuň ýaly bolsa, puluny alyp, etini bermezler diýen. * * *
Hojaş bir gün deri Tabşyrmak üçin kabul ediş punktuna baran. Deri alyjy: Öz deriňizmi? diýip sorapdyr, Hojaş aljyramandyr. Ol: Ýok, göläňki diýip, jogap beripdir. * * *
Hojaş uly utuşa bir nomer ýetmäni uçin bir manat berilmeli lotareýasynyň hakyny idäp kassa barypdyr. Kassada oturan gyz lotareýany alyp: Näme düşdi? diýip gyzyklanýar, Hojaş: Maşyn -diýip, bu ýerde-de degişmek isläpdir. Kassir gyz lotereýany barlap bolup: Gutlaýan, gidip maşynyňyzy «Çagalar dünýäsi» magazininden alyp bilersiňiz diýildir-de, onuň eline bir manat tutdurypdyr, ARSLAN MÄTEROW. |