Türkmenler .Dr:Mehemmet kylyç. Bursa-1998
Türkmenler .Dr:Mehemmet kylyç. Bursa-1998
TÜRKMEN ADAM ATLARY
E- F
GYZ ATLARY:
|
EJEGYZ
|
Ejesiniň gyzy. |
|
EJEKE
|
Aýrylan uly aýaldoganynyň ady dakylan gyz. |
|
EJEŞ-ENEŞ
|
Eje sözi bilen gelýän atlaryň gysgalan görnüşi. |
|
EJOW
|
Aýrylan ejäniň ady dakylan gyz.Eje sözi bilen-de gelýär. |
|
ENE
|
Dädesiniň aýrylan enesiniň ady dakylan gyz. |
|
ENEKÄBÄ
|
Dädesiniň aýrylan enesiniň ady dakylan gyz. Käbe ýaly. |
|
ENEKE
|
Enekäniň ady dakylan gyz.(Eneke: başgasynyň oglanyny saklaýan). |
OGLAN ATLARY:
|
EMIN
|
Ynamly dogurçyl oglan bolsun. |
|
ERKIN
|
Azat-erkin ýaşasyn. |
|
ESEN
|
Aman-esenlik, dynçlyk.Hasan adynyň üýtgän görnüşi. |
|
ETREK
|
Etrek derýasy boýnunda dünýä gelen oglan. |
|
EÝMIR
|
Türkmeniň Eýmir taýpasynyň ady dakylan ogalan. |
|
EÝÝÜB
|
Eýýüb pygambaryň ady dakylan oglan-hormatly. |
|
FAÝZULLAH
|
Allahnyň faýzy siňen-sahawatly oglan bolsun. |
|
FAZYL
|
Bilimli,akylly,dana oglan bolsun. |