Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

SAG ELIMDE TUGUŇ, SOLUMDA TARLAŇ
ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

SAG ELIMDE TUGUŇ, SOLUMDA TARLAŇ


Bu gije düşmüşem jennet bagyna,

Sag elimde tugun, solumda tarlaň.

Bagban olup, ikisiniň bagyna,

Bir elimde tuguň, birinde tarlaň.


Ikisi gül kimin, bir-birden gunça,

Ýüzleri almadyr, billeri inçe,

Leblerin emeýin  imdi doýynça,

Bir elimde tuguň, birinde tarlaň.


On bir ýyldyr çekdim jebri — jepany,

Asly  handan  gördüm   mahri-wepany,

Sizler birle sürdüm zowky-sapany,

Bir ýanymda  tuguň, birinde tarlaň.


Birisi  hüýrdir,  birisi  peri,

Sarygüldir kyrk gyz içre serweri,

Asly handyr meniň gözümiň nury,

Sag elimde tuguň, solumda tarlaň.


Kerem diýer, gyzyl gülüň gunçasy,

Rugsat bolsa, guçam biliň inçesi,

Synalar aklygy — peýnir külçesi,

Bir ýanymda tuguň, birinde tarlaň.