Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÖZGE  GEREKMEZ KEREM  GELDI KÖR ATA

ÖZGE  GEREKMEZ


Asly hanyň obasy bar, kendi bar,

Emmek üçin lebleriniň gandy bar,

Her düwmäniň segsen sekiz bendi bar,

Maňa sen ýar gerek, özge gerekmez.


Meniň ýarym käkil olup ýerisin,

Men bilmenem, haýsy bagyň güli sen,

Saňa degen näzik gollar güllesin,

Maňa sen ýar gerek, özge gerekmez.


Derýanyň gyrasy ol agyr iller,

Ürküşer sonalar, boş galdy köller,

Pyntyjak barmaklar, hynaly gollar,

Maňa sen ýar gerek, özge gerekmez.


Kerem diýer, bölek-belek böl  meni,

Goý aparsyn akyp barýan sil meni,

Sen Asly bolsaň, söýerem seni,

Maňa sen ýar gerek, özge gerekmez.