AŇSAT [aňsa:t], Ýeňil, ýönekeý, kyn däl. Diňe dilde aňsat on put pagtany, Her gün ýygýan diýip, batyr aýtmak (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ähli halkyň beýle guwanjyny gazanmak aňsat däldir («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Aňsat iş. AŇSATLATMAK [aňsa:tlatmak], Aňsat etmek, ýeňilleşdirmek, ýönekeýleşdirmek, sadalaşdyrmak. Bu täze usul maşyn bölekleriniň ýasalyş protsesini aňsatlatdy. AŇSATLAŞMAK [aňsa:tlaşmak], Aňsat bolmak, ýeňleşmek, ýönekeýleşmek, sadalaşmak. Onuň işi öňküsinden aňsatlaşan bolmaga çemeli. AŇSATLYK [aňsa:tlyk], Ýeňillik, ýönekeýlik, sadalyk, kyn dällik. Duş gelýän kynçylyklaryň hemmesini aňsatlyk bilen ýeňip geçýärdi. Kä ýeri aňsatlyk bilen tohum aldy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Meseläni aňsatlyk bilen çözmek. AŇSYZ [a:ňsyz] I, Huşsuz, huşy gaçan; düşünjesiz. AŇSYZ [a:ňsyz] II, Ägirt, uly, örän mähnet, ummasyz, gaty kän. Ol aňsyz bir zady geterip barýar. AŇSYZLYK [a:ňsyzlyk]; Huşsuzlyk, huşy gaçanlyk, düşünjesizlik. Aňsyzlygyň hem çaky bilen diýip, ejesi oňa hüňürdedi. |