ADMINISTRATIW, Administratsiýa degişli bolan, administratsiýa has bolan we esaslanýan. Wyşka pasýologynda administratiw, hojalyk we ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi bina edildi («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Administratiw edaralar. Administratiw bölümler. ADMINISTRA'TOR , Bir kärhananyň ýa-da edaranyň guramaçylyk işini dolandyryjy. Teatryň administoatory. ADMINISTRATORLYK, 1. Iş dolandyryjylyk, edara edijilik käri, administratoryň ýagdaýy. 2. Administratora mahsus bolan, administratora degişli bolan. Administratorlyk ukyby. ADMINISTRA'TSIÝA, 1. Kärhana ýa-da edara işlerini dolandyrýan organlar. 2. Kärhanany ýa-da edarany dolandyrmaklyga ýolbaşçylyk. Zawodyň administratsiýasy meni 5-nji razrýada geçirdi. ADMIRA'L, Harby-deňiz flotunda komandirler sostawyna berilýän iň ýokary at. Flot admiraly. ADMIRALLYK, Admiralyň wezipesi, käri, admiral adyna eýe bolmaklyk. Ol matroslykdan başlap, admirallyga çenli uzak ýoly geçipdir. |