ÝOMAKLAR
Durmuşdaky zatlar esasynda döredilip, oturylyşykda, meýlisde ýa-da iki adamyň arasynda aýdylýan degişme-güýç synanyşma häsiýetli meňzetmelere ýomak diýilýär.
Bolup barşyň nähili - agaç ýuwdan ýaly.
Bolup gelşiň nähili - ekinden kowlan otçy ýaly.
Ýörişiň nähili - aýaklanmadyk köşek ýaly.
Sesiň dagy nähili - döwük kädä ýel düşen ýaly.
Kelläň nähili - kesek gysan gawun ýaly.
Dişiň nähili - ýyl aşan süňk ýaly.
Telpegiň nähili - haram ölen goýnuň derisi ýaly.
Tahýaň nähili - ýarty garpyz ýaly.
Garantga bol-a!
Doňňar-a daş bol-a!
Zemzen bol-a!
Balyk bol-a!
Sygyr bol-a!