|
YRYM we YNANÇLAR |
Yrymlar ynsanyň ynanjy bilen baglydyr.
Çagany eginden ýokary götermek halanmaýar.
Çaýda dik duran boýçy görülse myhmana garaşylýar.
Iýip oturan nanyňy gutarman ýene-de bir bölek nan döwüp alsaň myhmana garaşylýar.
Jäç döwülse toý bolar.
Eliň aýasy gijese pul düşjekdir.
Çaganyň dişi gaçanda, täze diş dogry çyksyn diýip, goýun agylda gömülýär.
Çaganyň ilki dişjagazy çykanda, beýleki dişleri agyrysyz hem-de çalt çyksyn diýip, nogul seçilýär, patrak patradylýar.
Täze gelin gaýyn öýüne ilki gelende sag aýagy bilen girýär, onuň eli ýagdyr uny bulanylýar.
Çaga wagtynda ýöremese, köke ýaly tigirlenip gitsin diýip, satanjygynyň arasyndan köke tigirlenilýär.