b). Ruhany-ulymalaryň tutýan orny we onuň ähmiýeti :

Her bir jemgyýetçilikde ýa-da her bir milletde bolşy ýaly türkmenlerde hem elmydama ýaşulylary we ulyma-ruhanylary bolupdyr. Olar köpçüligiň arasynda il başlygy derejesinde rol alyp barypdyrlar. Türkmen jemgyýeti olara hormat bilen seredipdirler.

Olara “Tagsyr” diýip ýüzlenipdirler. Tagsyr diýmekligiň manysy “Men seniň ýanyňda sözüm gysgadyr.”.

Türkmenlerde ruhanylaryň täsiri hemişe uly bolupdyr. Onuň sebäbi türkmenleriň jemgyýetçilik kanunlarynyň şerigat we dini kadalary hem umumy däp-dessurlary boýunça çözgüdini tapypdyrlar. Toýlaryna, ýaslaryna we dawaly meselelerinde goşulypdyrlar.

Häzirki döwürde ruhanylar türkmen jemgyýetiniň ähli durmuşyna öz täsirini ýetirip durlar. Olar yslam jemgyýetiniň sütünleri hökmünde belli bir jemgyýet gatyny döredýärler.

Eýran türkmenleriniň arasynda ruhanylar we alymlar aşakdaky tertipde tapawutlanýar.