2. Molla:

Dini hüjre-medreselerde ders okaýan talyplara “Molla” diýipdirler. Türkmensähranyň dürli künjeklerinde dini hüjre-medreseler, molla-telebelere sapak bermek üçin gurlypdyr. Bu medreselerde kursyň dowamy 5 ýyldan 10 ýyla çenli uzaga çekýär.[1]

Okuwçy telebe okuwyny tamamlandan soň ahunlyk derejesine laýyk bolýar. Alym molla ahunlyk patasyny alan gününde ähli kowum-garyndaşlary, dost-ýaranlary ýygnanyşyp toý-tomaşa gurup, dini däp-dessurlary berjaý edýärler. Alym mollany ahunlyk patasyny berilen badyna dost-ýaranlary bilen doganlary:

“-Bu biziň depämiziň täjidir!” -diýip boýunlaryna mündirip alyp gaçýarlar. Olar (Al-olama-o warasat ol-anabia) ýagny ulymalar pygamberleriň mirasdarlarydyr! -diýlen hadysa uýýarlar.[2]

Şeýlelik bilen okuwçy molla ahunlyk mertebesine eýe bolýar. Kä halatlarda okuwyny tamamlap bilmäni ömür molla bolup galanlar hem az bolmandyr. Olar hemişe molla ady bilen galýarlar.


1. Äsgäri-hangah Ä., d.M. Kemali, /görk. iş/, säf. 157

2. Teñli-garakçy , “Fezaỳel.” … säf. 48