a). “Yslam jemagatynyň ” önen ýerligi we onuň görnükli din wekilleri :

Öňde belläp geçilen wakalar hem dini wekilleriniň we olaryň dini garaýyşlarynyň tapawutlanyşy barada umuman aýdylanda, yslam dini dört mezhep görnüşinde tapawutlandyrylypdyr. Olar aşakdakylardan ybarat bolýar:

1.     Täsännon jemagaty (Ähli Täsännon “Hanafiýe”): Hezreti Ymam Agzam Abu Hanyfanyň dini ýörelgesini ýöreden we şoňa uýan musulmanlara diýlipdir.

2.     Şapygy (Şafeiý)

3.     Hanbeli

4.     Maleki

Emma “Asna aşari” ymamyýeler ýagny şaýilary bu dört mezhebe goşmandyrlar. Onuň sebäbi diniň parz hem sünnetleri berjaý etmeklikde öz aralaryndaky gapma-garşy düşünjeler bolupdyr. Elbetde taryhda onuň sebäpleri, çarýar halyflyklaryndan bäri özara göreşlerinden gözbaş alýar.

Yslam dinini taryhy Jümmüşleriniň dowamynda çarýarlar halafatlygy tarapyndan öz dini roluny hut pygammer hudaýyň taglymatlary esasynda ýerine ýetiripdirler. Ol döwürden başlap Muhammet Pygamberiň dini däp-dessurlaryny ýagny sünnetini we şerigat kanunlaryny hem ideologiýasyny göreldelik alyp ýöretmek ugrunda belli din wekilleri döräpdir.

Şolaryň arasynda Türkmenlerde esasy rol alyp baran garaýyş ählisünnet weljemagatynyň sünnetleri bolupdyr. Munuň täsirli dini halypalarynyň birinjisi Ymam Agzam Abuhanyfa hezretleriniň alyp baran we berjaý eden dini şerigat ýoly bolupdyr. Ol fyk ylymyny deslapdan ýazga geçiren hem sahabalardan pata alan müjtehit ymam bolupdyr.

“Bu yslam dininiň güýçli sufistik adatlaryny özünde jemlän alym, hijri ýylyndan 80 ýyl geçende, gurban aýyň başky güni Küfe şäherinde Abumälek ibn-e Merwanyň halypa wagtynda eneden dogulypdyr.”Abu Hanafiniň atasynyň ady “Sabyt”, enesiniň ady bolsa “Horşyt” bolupdyr.. Abu Hanyfa uzyna ýakyn orta boýly bugdaý reňkli az geplegen owazy ýakymly örän dilewar has owadan adam bolupdyr.[7]

Ymam agzam Abu Hanyfa ömründe 7000 gezek kurhany okap hatm edipdir. Otuz ýyllap agzy bekli, ruzaly gezipdir. Kyrk ýyllap ýanyny ýassyga berip uklamandyr. Elli ýyllap taharatly (tähretini bozman) ertir namazyny okapdyr. Ellibäş mertebe beýtyllaga haç edipdir. Ýüz gezek Alla tagalany düşünde görüpdir. Mahlasy Abu Hanyfa pygamber sypatly perişde häsiýetli keramatly, ägirt ylymly şahsyýet bolupdyr.

Türkmenler umuman sünni garaýyş bilen öz dini medeniýetlerini alyp barýarlar. Abu Hanyfanyň şahsyýetini we onuň din ugrunda alyp baran sufistik garaýyşlaryny metjitlerde wagz edip çykyş edýärler. Abu Hanyfa hakda dürli rowaatlary orta oklaýarlar. Olaryň arasynda şeýle rowaýata gabat gelýäris:

“Abu Hanyfa bir gije namaz okamak üçin Mekge şäherindäki Käbe binasynyň içine girip iki reket namaz okaýar. Birinji reketinde kurhany başyndan başlap ýaryna barynça okapdyr. Ikinji reketinde hem galan ýarysyny okap kurhany hatm edip salam berende daň atypdyr.

Ol hudaýyň dergähine şeýle uzak mynajat edenine kanagat etmän, aglapdyr. Hudaýa şeýle ýüzlenipdir: “Eý bar hudaýa! bu ejiz bende saňa laýyk ybadat etmäni başarmady, ýöne seni berhak tanady, meniň ybadatymdaky kemçiligi, sizi kämil tanamak üçin günämi bagyşlaňyz!” -diýende, beýtyllanyň diwarlaryndan “hataby-ylahy (Allanyň ýüzlenmesi)” gelýär. Onuň terjimesi şeýle: Eý Abu Hanyfa! Men seni we seniň ýörelgäňi alyp baranlary hem seniň mezhebiňde duranlary kyýamata çenli bagyşlaýaryn.” [8]

Eýrandaky türkmenler eger mezhep taýdan ymam Agzama uýan bolsalar, tarykat boýunça Muhammet Bahawetdin Nagyşbendiýe hezretlerine tabyn bolupdurlar. 717-nji hijri ýylyň aşyr aýynda Buhara şäheriniň Gasre Arefan diýlen obasynda Muhammet ibn-e Muhammet diýen şahsyýetiň içeri maşgalasynda Bahawetdin (Bähäwetdin) atly oglany dünýä gelýär.

Ol dini içeri-maşgalada terbiýelenip, ýaşlykdan ylym-bilim bilen meşgullanyp dini sufistik ylymynda, mertebesi ýokary derejä göterilýär. Hoja Muhammet Bähewetdin Ngyşbendiniň terbiýesinden ep-esli alymlar sünni diniň äleminde tarykat ýolundan akym alýarlar. Şolaryň arasynda Abu Mansur Matoridi, Şih Ahmet Ýasawy, Şih Hapby ata, Şih Sagyt ata, Şih Hekim ata, Badratdin Muhammet ata, Andejan Sofi el-Samargandi, Şih Allaýar ibn-e Temirýar, Hindu hoja Türkistany, Hoja Ala’atdin el-Buhary, Abdulhalyk Gajdawany,... ýaly belli-belli alymlar bolupdyr. Oňa “Hezret Şanagyşbendi” hem diýlipdir.

Hezreti Şanagyşbendi özboluşly sufistik dini tarykat ýoly döredýär. Şonuň üçin türkmenler: “-Biz Nagyşbendiniň tarykatyndan!”-diýýärler. Esasan türkmenler şu tarykat ideýany alyp gaýdan pirlere henize çenli uýýarlar.

Eýranda häzirki Türkmensährada Akgala bilen Bendertürkmen şäheriniň aralygynda Hojalar obasynyň gyrasyndaky öwülýaçylykda Bähäwetdin ata diýlen bir gonamçylyk bar. Aýdylýan rowaýatlara görä, Hoja Bahawetdin Nagyşbendi Mekgä zyýarata gidende şol ýerde näçe wagtlap düşläpdir. Şonuň üçin Türkmensähradaky türkmenler ýyl on-iki aýlap anna günleri onuň ýadygärliginiň başyna zyýarata barýarlar.

Hezreti Nagyşbendi 74 ýaşynda 790-njy h.k. ýylyň rebigulawwal aýynyň üstüne düşende gijesi dünýäden ötýär. Ondan “El-Owrad-ol Bahaiýe”, “Selk el-Anwar”, “Heýatname”, “Hedýet-ol salekin”, “Tohfät-ol talebin”, “Delil-ol aşygyn”,...ýaly dürli eserleri ýadygär galdyrypdyr.[9]

Eýrandaky türkmenleriň üçünji sygynan pirleriniň biri Abu Mansur Matoridi ady bilen tanalýar. Eger Ymam Agzama mezhep taýdan we Hezreti Bähäwetdine tarykat ýoly boýunça uýulýan bolsalar, Şih Abu Mansur Matoridiýe “Hakyda” taýdan sygynypdyrlar. Elbetde olar yslam jemgyýetiniň şu üç görnükli wekillerini esasan sygynan bolsalarda, şolaryň ýoluny we ideýalaryny ýöreden we yzyny yzarlaýan din wekillere-de uýup gaýdypdyrlar. ...



            7. Şeyh Reşidetdin Fäzlulla, “Jame -ettäwarih”, ….  12 sah.

۷. شـیخ رشـیـد ا لّد یـن  فـضـل ا لله هـمـدا نی ، " جـا مـع ا لّـتوا ریخ " ، ... ص ۱۲ .

8. Teñli- garakçy A., “fezaỳel. …”… säf. ۱۲

          ۸  . تنگلی قـرا قـچی آ. ، "فـضـا ئـل  . . . " ، . . .   ص.  ۱۲   

 9. Şol ỳerde 41 sah.