Ak Welsapar,

ýazyjy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

TÜRKMENNAMA

3. ARIÝLER, PARFIÝALYLAR, TÜRKMENLER...

Ariý medeniýeti dünýädäki iň gadymy, iň çuň we iň baý medeniýetleriň biridir, onuň täsiri-de örän uzaklara ýaýrapdyr. Onuň bir çeti – Hindistan, beýlesi – Beýik Britaniýa, demirgazygy – Finlýandiýa, günortasy Eýran. Bu ymgyr giden territoriýanyň içinde gadymy ariý medeniýetine degişli dürli elementleri tapsa bolýar.

Bu ugurda iň esasy-da dil elementleridir. Türkmen diline, türkmen medeniýetine onuň ýetiren täsiri bolsa, meger, hiç biriniňkiden artyk bolmasa, az däldir. Häzirkizaman türkmen milleti bilen gadymy ariý halkynyň arasynda köpri kimin birleşdiriji bolup hyzmat edenlerem parfiýa halklarydyr. Ariýleriň medeniýeti, dili ilki parfiýalylara siňipdir, ondanam – häzirki türkmen milletine geçipdir. Ýeri gelende aýtsaň, onda “türkmen“ etnonimini döreden ariý halkynyň özi bolman, eýse onuň dili bolmagy-da mümkin. Çünki olaryň döreden medeniýetiniň, diliniň ömri halkyň öz ömründen has uzak bolupdyr. Bu diliň ençeme sözleri häzirkizaman türkmen dilinde aktiw ulanylýar. Iň bärkisi: arassa, arlamak (ýuwmak manysynda), arlyk diýen ýaly sözlerde şol gadymy dilden gelip ýeten “ar“ düýp sözi saklanyp galypdyr. Garajaoglanyň “Ary türkmendir aslymyz“ diýmegine-de diňe türkmenler, ýagny öz döwründe ariý medeniýetini bolluk bilen özüne siňdiren millet has düýpli düşünip biler. Milletiň adyny aňladýan “ary“ sözüniň düýp manysy, meniň pikirimçe, “arassa“ diýmekdir. Emma bu temany köp ýyllardan bäri özbaşdak öwrenip ýören türkmen hudožnigi Suwly Ýaranowyň ynamyna görä, “ariýa“ diýmek, “güneşli ýurt“ diýmegi aňladýar. Ariýleriň gadymy simwoly bolsa, (şeýle simwollar gadymy Maryda gazuw işleri geçirilende kän tapyldy), Gün şöhlesiniň tükeniksizligini aňladýan alamatdyr.

Ariýleriň taryhy ýurdundan aralarynyň juda açykdygyna garamazdan, nemes we iňlis dillerinde-de ariý diliň täsiri güýçli duýulýar. Mysal üçin, iňlis dilinde-de, ariý dilindäki ýaly, “man“, sözi bar. Onuň birinji manysy “adam“, ikinjisi-de “erkek adam“. Iňlisçe aýala “wuman“ diýilýär. Bu-da türkmen dilindäki “aýal adam“ diýen söz ýalydyr. Nemes dilinde-de “man“ sözi “erkek adam“, “adam“ diýen manylary aňladýar. Bu ýerden türkmen dilindäki “man“, “men“ sözleriniň nemes we iňlis dilindäki degişli manyny aňladýan sözler bilen haýran galdyryjy ýakynlygyny ýa-da hatda gös-göni gabat gelip durşuny görmek kyn däldir.

Bu gabat gelmegi hiç bir jähtden tötänlikdir öýtmek bolmaz. Çünki ol bir ýa iki söz bilen çäklenmeýär. Mysal üçin, türkmen dilindäki ýene bir söze garap geçeliň. Bizde “Gurt geldi – gut geldi“ diýen bir nakyl bar. “Gut“ – bagt, haýyr diýmekdir. Muňa göz ýetirmek üçin şunuň ýaly sözleri ýatlalyň: “Gutly bolsun!“, “Gutly-mübärek bolsun!“ Gutly diýen adam ady hem şundan gelip çykan. “Gutlaýaryn!“ Şu ýerde XI asyrda ýaşap geçen Orta Aziýaly şahyr we alym Ýusup Has Hajyp Balasugynynyň “Kutadgu bilig“ eserini-de ýatlamak artykmaçlyk etmez. Çünki onuň manysy “Bagt berýän bilim“ diýmekdir.

“Gut“ diýen düýp sözden nemes hem-de iňlis dillerinde emele gelýän sözleri derňemek gyzyklydyr. Mysal üçin, nemes dilinde “Guten tag“ diýen söz bar. Ol: “Gündiziň haýyrly bolsun!“ diýmekdir. “Tag“ – gündiz, “guten“ – gowy, ýagşy, haýyrly manylary berýär. Edil şu manydaky ençeme goşma sözleriň düzümine girmek bilen “gut“ düýp sözi nemes dilinde “gowy“, “ýagşy“, ”oňat”, “ajap“, “gowy ahwal“, “ýagşy hyýal“, ýagşy pikir“, “haýyr“, “haýyrly“ ýaly sözleriň giden bir hataryny emele getirýär. Ýeri gelende aýtsaň, biziň ýurdumyzda satylýan iň populýar nemes žurnalynyň ady-da “Guten tag“.

Iňlis dilinde bu düýp sözden emele gelýän köpsanly düşünjeleriň manysy-da, aýdylyşy-da nemes we türkmen dilindäki degişli sözlere juda ýakyndyr. “Good“ – iňlis dilinde-de “gowy“, “ýagşy“, “mylaýym“, “haýyrly“ manylary berýär. Birek-birege duşulanda, bu dilde-de salamlaşmak, ýagşy dileg etmek, aýrylyşanyňda, sagbollaşmak üçin ulanylýan sözler hem hut şol “good“, ýagny “gut“ düýp sözüniň gatnaşmagynda emele gelen sözleriň üsti bilen aňladylýar. Mysal üçin: “Good morning“ – ertiriňiz haýyrly bolsun, “Good afternoon“ – gündiziňiz haýyrly bolsun, “Good evening“ agşamyňyz haýyrly bolsun. “Goodbye“ – hoş sag boluň. Bu iki dildäki kowumdaş sözleriň sanyny entegem artdyrsa bolardy, ýöne, meger, bu getirilen mysallaram ýeterlikdir.

Emma, ynha, pars dilinde “man“ sözi geňsi mana eýe bolupdyr. Ol agram ölçeg birligini aňladýar. Belki, bu-da ýöne ýere däldir? Güýji ölçemek üçin ulanylýan “bir at güýji“ diýen düşünje ýaly, köne döwürde adam agramy, belki, agram ölçeg birligi bolup hyzmat edendir we şu manyda pars dilinde saklanyp galandyr?

Geliň, indi dünýä belli latyn dili bilen türkmen diliniň arasyndaky baglanyşyga garap geçeliň. Bu diliň üsti bilen ençeme Ýewropa we hatda köpsanly dünýä dillerine ýaýran we hemmeler tarapyndan hut latyn sözleri hasap edilýän: “akwa“, “apka“ ýaly sözleri alyp göreniňde, oýlananyňy duýman galýarsyň. Aýdaly, “akwa“ (latynça “suw“ diýmek), bu sözden emele gelen ençeme ýörgünli sözler bar: “akwalang“, “akwapium“, “akwatopiýa“, “akweduk“ we başgalar. Emma türkmen dilindäki “akaba“ sözüne juda ýakyn ýazylýan “akua“ sözüne latyn dilinde düşündiriş ýok. Türkmen dilinde “akaba“ – munuň özi “ýar“, “akar“ diýmekdir, umuman, akýan zat, akmak prosesi bilen baglanyşykly emele gelen düşünje. Diýmek, meniň pikirimçe, “akwa“ diýen latyn sözi “ak“ diýen ariý düýp sözünden alnan bolmaly. “Arkus“ diýen latyn sözüne-de şol diliň özünde düşündiriş tapmak kyn. Oňa derek häzirkizaman türkmen dilinde welin, onuň asyl manysyna düşünmek o diýen kyn däl. “Adamynyň arkasy“, “arkaly“, “eşegarka“ (tamkepbäniň üsti köplenç eşegarka edilýär) ýaly sözleri ýatlasaň, onda “arkus“ diýen latyn sözüniň hem ozalynda ariý sözi bolandygyny güman etse bolar. Ariýleriň dili-de, medeniýeti-de, görşümiz ýaly, büs-bütin ýok bolup gitmän, döwürdeş türkmen diline, medeniýetine kem-käsleýin geçipdir. Şonuň üçinem ol sözleriň manysy bize düşnükli.

Iňlis dilindäki bütin dünýä belli ”gentleman” (jentlemen), “supermen“, “biznesmen“ ýaly sözler bilen türkmen dilindäki “edermen“, “gahryman“, “atarman“, “çaparman“ sözlerini deňäp görüň. Eýse, olarda tötänden özara meňzeşlik barmyka? Meniňçe, bu tötänden däl. Bu sözler iňlis dilinde-de, türkmen dilinde-de “adam“, “erkek adam“ manysyndaky “man“ (“män“) sözleriniň haýsydyr bir sözüň yzyna goşulmagy bilen ýasalýar. “Edermen“ – edenli adam, “atarman“ – atyjy, mergen adam“, “çaparman“ – çapyjy, uruşgan adam.

Eýse, “gahryman“ sözüni alyp göreliň, ol nämäni aňladýarka? Görnüşine görä, “gaharly adam“ diýen iki sözden emele gelip, ol soňra gowy häsiýeti aňladýan täze düşünjäni döredýär. Beýle hadysa dilde kän duşýar. “Gahar“ sözüniň özi-de mydama ýaramaz manyny aňladyp duranok. Mysal üçin: “Gahary bolmadygyň gaýraty bolmaz“ diýen türkmen nakylynda ol gowy manyda gelýär. “Gahar“ sözüniň “gahr“ görnüşinde ýazylyşyna, aýdylyşyna biz klassyky edebiýatymyzda kän duşýarys:

                    Agladar men, güldürer men,

                    Mertligimi bildirer men,

                    GAHRYM gelse, öldürer men,

                    Aglama, Öwez, aglama!

Şeýlelikde, “gahr“ sözi yzyna “man“ sözüniň goşulmagy bilen aýratyn gowy adam sypatyny aňladýan “gahryman“ sözüne öwrülýär.

Umuman, yzyna “adam“ diýen manyda “man“, “men“ sözleriniň goşulmagyndan emele gelen sözler türkmen dilinde sanardan has kän. Ol goşma söz emele getirişiň iň bir öndümli görnüşi diýsegem ýalňyş bolmasa gerek. Mysal üçin: “harazman“ – harazçy adam, “gulman“ – hyzmatkär adam, “danyşmen“ – gürrüňçi adam, “padyman“ – sygyr bakan adam, “şadyman“ – şadyýan, wäşi adam, “görman“ – gör gazýan adam, “türkmen“ – türk adam...

Bu sözüň gatnaşmagynda emele gelen aşakdaky ýaly düşünjeleriň asla-da hetdi-hasaby ýok: “bararman“, “urarman“, “taparman“, “satarman“, “ýararman“, “utarman“, “ýatarman“, “ýykarman“ we beýlekiler. Eger öňdäki bogunda inçe çekimli gelse, onda “man“ sözi-de türkmen dilindäki bogun singarmonizmi düzgünine boýun egip, “men“ görnüşine geçýär: “ekermen“, “görermen“, “düzermen“, “iýermen“, “diýermen“, sürermen“, “kesermen“, “türkmen“, garaz, “Sanasaň, sogaby bar“ diýleni!

Ine, şeýlelikde, ýadu-ýakyn dilleriň arasyndan gözlenen “türkmen“ sözüniň manysy gelip öz ene dilimiziň içinden çykýar. Eýse, biziň ene dilimiz, gör, ýene näçe syrlary, açyşlary, baýlyklary özünde gizleýärkä? Eýse, ol Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky täsin dil köprüsi dälmikä? Türkmen diliniň ýitmegi, meger, dünýä medeniýetine hiç wagt öwezini dolup bolmajak urgy bolar… Çünki bu diliň, bu medeniýetiň içinde geljekde edilmeli halkara ähmiýetli açyşlaryň, belki, onlarçasy, belki-de, ýüzlerçesi gizlenip ýatandyr?..

Men bu makalany pikir alyşmak üçin diňe hoşniýetli okyjylara niýetläp ýazdym. Gadymy topragymyzda Güne gowrulyp ýatan Nusaýyň, Maşady Misserianyň, Altyndepäniň, Marguşyň we beýleki onlarça antiki ýadygärlikleriň sessiz gussaly soraglaryna özümçe jogap agtardym. Olary bina eden adamlaryň gany biziň damarlarymyzda aýlanýarmy ýa ýok? Biz kim?

Bu meselede entekler soňky nokady goýardan ir bolsa gerek, çünki türkmeniň taryhy indi ýazylmaly. “Soňky nokady goýandyrys“ öýdüp ýörenleriňkem, siňňin synlasaň, ylmy däl-de, eýse resmi, administratiw pikir bolaýmasa? Mesele-de, öňküsi ýaly, ýene açyklygyna galýar.