Ak Welsapar,

ýazyjy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

TÜRKMENNAMA

"Eger ariýler Tejen derýasynyň orta we aşak akymlarynda, Saragt töwereklerinde biziň eramyzdan öňki eýýamda oturan bolsalar, oguzlardyr seljuklar-da bu ýere biziň eramyzyň IX, X asyrlaryndan gelen bolsalar, onda ariýler olara nädip at dakyp ýetişsinler?" diýen soragyň ýüze çykmagy kanuny ýagdaýdyr.

Birinjiden-ä, ençeme wagtlardan bäri üpç edilip ýazylyp gelinýän-de bolsa, biziň türki kowumlardan bolan ata-babalarymyzyň Horasana aralaşmagyny IX, X asyrlar bilen gutarnykly baglar goýardan we muny jedelsiz fakt hasaplardan entek ir, türki kowumlaryň, şol sanda oguzlaryň hem bu territoriýalara ondan has irki döwürlerde-de aralaşandyklaryny eýýäm agzap geçdik. Olaryň gündogardan günbatara kowçum-kowçum bolup göçmegi gunnalaryň döwründe, belki, ondan hem öň başlanypdyr. Arap syýahatçylarynyň ýazmagyna görä, "guzlar" ýa-da "oguzlar" diýlip atlandyrylýan halk eýýäm V asyryň ortalarynda Kaspiý deňzine golaý düzlüklerde ýaşapdyr.

Ikinjidenem, türkmenleriň ata-babalaryny häzirki Türkmenistana niredendir bir ýerden göçüp gelen edip görkezjek bolmak, o diýen dogry däl bolsa gerek. Çünki biziň eramyzdan ozalky 3-1 münýyllyklarda Mesopotamiýada, Tigr hem Ýewfrat jülgelerinde ýaşan sumerleriň galdyran ýazuw ýadygärliklerinde türkmen dilinde hut şu günem ulanylyp ýörlen sözler gabat gelýär. Mundan bäş müň ýyl çemesi ozal Mesopotamiýada kuwwatly döwlet guran sumerleriň dili bilen biziň dilimiziň meňzeşligi akylyňy haýran edýän hadysadyr. Mysal üçin, aşakdaky sumer sözlerine we olaryň türkmen dilinde gaýtalanyşyna üns berip görüň:

1. Tiňr – taňry.

2. Ga – süýt, gaýmak.

3. Mu – ýyl (Bizdäki "müçe" sözüniň şondan gelip çykan bolmagy ähtimal?)

4. Gal – ýokary, belent. Bu söz türkmen dilinde başky durkunda diýen ýaly saklanyp galypdyr. "Gala" diýen türkmen sözi bar. Meselem, "Hörpüň ýaman gala (ýokary, belent) görünýär-le?"

5. Barak – ýyndam. Ol "öňbarak" diýen goşma sözde şol manyda saklanyp galypdyr.

6. Bar – görmek, barlamak.

7. Ikaru (ekeru) – ekerançy, daýhan.

8. Gapu, gipu – gep, geplemek.

9. Del – ýeke. Bu söz häzirki zaman türkmen dilinde manysyny birneme üýtgedip, ýat, bigäne manysynda saklanyp galypdyr: del adam.

10. Kir – kir, hapa. Görşüňiz ýaly, üstünden bäş müň ýyl çemesi geçse-de, bu söz türkmen dilinde başky manysyny üýtgetmändir!

11. Gü – ýüp, tanap. Soňky asyrlarda ýerine başga sözler gelse-de, bu söz "güýlmek" sözünde düýp manysyny saklapdyr. Meselem: goýny güýlmek.

12. Aru – arassalamak, boşatmak. Bu ariý dili bilen şumer diliniň we bu iki halkyň arasynda özara ýakynlygyň bolandygyny görkezýän sözleriň biridir.

13. Be (bi) – erkek adam. Meniň pikirimçe, bu söz "beg" sözünde öz manysyny saklapdyr.

14. Giru – naýza. Bu ýaragyň ýerine ýetirýän işinde onuň başky ady özüni aýan edýär: "girýän", "sokulýan"...

Gadymy Sumer döwletinden galan ýazuw ýadygärlikleriniň dilini kawkaz halklary bolan garaçaý hem-de balkar dilleri bilen deňeşdirip öwrenen Miziýew olaryň arasyndaky içgin ýakynlygyň üstüni açýar. Ol diller bolsa, aýratynam garaçaý dili öz gezeginde türkmen diline diýseň ýakyndyr. Häzirkizaman garaçaý dili belli bir derejede türkmen klassyky edebiýatymyzyň dilini ýatladýar. (Onda "algaý", "gelgeý", "bolgaý" diýen ýaly işlikler kän duşýar). Eýse, şu zatlaryň özi nämäniň alamaty? Meniň pikirimçe, bu maglumatlar türkmenler diňe türki taýpalardan emele gelipdir diýen tassyklamany jedelli düşünjä öwürýär.

Üçünjiden, biziň halkymyzyň "Suw akar, daş galar" diýen bir çuň manyly pähimi bar. Türkmen milletiniň taryhyny öwrenenimizde şu pähimi asla ýatdan çykarmaly dälmikä diýýärin. Şony ýatdan çykarsak ýa-da äsgermezlik etsek, onda biz hökman adalatsyzlyga ýol bereris. Çünki taryhda türkmen milletiniň emele gelmegine gatnaşan käbir halklary we tire-taýpalary niredendir bir ýerden bu ýere göçüp gelen hasaplaýanyň-da, bu hadysa şu territoriýanyň ilatynyň başbitin ählisiniň gelmişekdigini aňladanok we aňladyp hem bilmez. Hany bu ýeriniň awtohton, ýagny ozal-ebedinde oturymly halklary? Olar göge uçup gidiberen däldir-ä?! Mehinlileri, mänelileri, mürçelileri, sünçelileri, nohurlylary, änewlileri nätjek? Bu etraplaryň şöhratyny arşa çykaran parfiýalylar, margianalylar, horezmliler nirede? Kuwwatly Parfiýa döwletiniň namysjaň halklary bolan dahlar, saklar, massagetler we gadymy grek çeşmelerinde skif-sarmat taýpalary atlandyrylýan beýleki halklar niräk ýitirim bolupdyrlar? Hany girkaniýalylar, astauenalylar, parfiýenalylar, apawarktikenalylar? Hany ariýler?..

Türkmenleri häzirki territoriýasyna niredendir bir ýerden gelen hasaplaýan adamlar bu ýurdy gadymyýetde ýöne bir şaňlap ýatan giňişlik hökmünde göz öňüne getirişlerine haýran galyp, aňyrsyna çykyp bolanok. Munuň özi howlukmaçlygyň nyşanymyka ýa-da ylmy ýöntemligiň? Giden bir halkyň beýnisine: “Siz bu ýurtda gelmişek, siz başga ýerden göçüp gelen. Siziň ýerligiňiz, Ata Watanyňyz bu ýerde däl“ diýen ýaly düşünjäni ýadawsyz guýýanlar muny nämäniň hatyrasyna edýärkäler? Ylmyňmy ýa-da özboluşlylygyň? Bu tassyklamanyň (goý, ol ýeterlik delillendirilmedik bolaýanda-da) halkyň milli duýgusyna, onuň öz oturan topragyna yhlasyna zeper ýetirjegi dogruda oýlanmaýarmykalar? Onda geldi-geçerlik psihologiýasynyň emele gelmeginden we berkleşmeginden heder etmeýärmikäler? Ýa-da bu esasy zat dälmikä?

Dördünjiden, atlary agzalyp geçilen halklaryň we tire-taýplaryň ählisiniň dili hakynda jikme-jik maglumat ýok-da bolsa, taryhçylaryň we alymlaryň ençemesi ol halklaryň birenteginiň dilini eýran dilli taýpalara degişli edip goýýarlar. Ýöne gadymy grek çeşmelerinde skif-sarmat taýpalary diýip atlandyrylýan halklaryň içinde türki dilli taýpalaryň hem bolanlygyna hiç hili şübhe ýokdur. Ol halklaryň käbiriniň edim-gylymlary, däp-dessurlary hakynda gadymy taryhçylaryň galdyrýan ýazgylary muňa güwä geçýär. Diýmek, eýran dilli halklar bilen türki dilli taýpalaryň bu etraplarda Nuh eýýamyndan bäri goňşuçylykda we hatda garylyp-gatylyp ýaşap gelendikleri dogruda pikir ýöretse boljak. Şunlukda men häzirkizaman türkmen milletini parfiýa halklary bilen türki taýpalaryň barabar goşulmagyndan emele gelen diýip hasaplaýaryn. Parfiýalylaryň aňyrsynda bolsa, elbetde, ariýler-de bar. Dil babatda türki üstün çyksa-da, milletiň daşky keşbinde ýewropeid jynsyna degişlilik agdyklyk edýär we onuň diňe az göteriminde mongoloid jynsyna degişlilik açyk özüni görkezýär.

Bu faktlar biziň ata-babalarymyzyň hemişe-de, bu etraplarda ýaşap gelenligini, eger göçüp-gonsalar-da, esasan öz areallarynyň giňişliklerinde göçüp-gonandyklaryny aňladýar. Ol areal bolsa, görnüşine görä, Mesopotamiýadan tä Altaýa çenli uzalyp gidýär. Müňlerçe ýylyň dowamynda şeýle ymgyr giden giňişlikde güzeran aýlan ata-babalarymyzyň öz asyl Watany bolan häzirki Türkmenistana yhlaslarynyň neneňsi güýçli bolanlygyna göz ýetirmek üçin “Türkmeniň öňem Wasdyr, soňam...“ diýen gadymy düşünjesini ýatlamak ýeterlikdir... “Waas“ sözüni sanskritden türkmençä geçirseň, onda ol “Hudaýlaryň mekany“ diýmegi aňladýar... Bu sözüň gadymy hindi diline ariý dilinden geçendigini çaklasa bolar.

Türkmen halkynyň ýaşaýyş arealynyň geçmişde örän giň bolandygy üçinem onuň diline, medeniýetine, taryhyna degişli elementler, detallar, tutuş gatlaklar bu arealyň ha o çetinden, ha-da bu çetinden tapylyp dur. Bu-da biziň ata-babalarymyzyň asyl ýurduny Mesopotamiýa-Altaý aralygynyň haýsydyr bir çetine degişli edip goýjak bolýan alymlary we taryhçylary halys aljyradýar. Olary çaşyň gözüne sereden ýaly edýär. Olaryň işlerini okan okyjylar bolsa, ondanam beter kynçylyga uçraýarlar. Ynha, mysal üçin, 1947-nji ýylda Altaýyň Pazryk depesinden tapylan, ini 89 sm, boýy-da 2 m., deň bolan köne halynyň gölleri, nagyşlary häzirki türkmen halylarynyň göl-nagyşlary bilen des-deň gelýär. Özem ol halynyň azyndan 2 müň 200-den gowrak ýaşy bar. A. Bekmyradyň gadymy hytaý çeşmelerine salgylanyp getirýän degerli delillerine görä, oguzlaryň nesilbaşysy Oguzhanyň hem ömri Altaýda geçene meňzeýär. Şol bir wagtyň özünde-de türkmen milletini millet hökmünde tapawutlandyrýan beýleki birnäçe mukaddeslikler bolsa häzirki Türkmenistanyň territoriýasy bilen berk baglanyşykly. Ine, mysal üçin, türkmeniň gözüniň göreji ýaly görýän atyny alyp göreliň. Häzirki döwürde ahal-teke atlary ady bilen bütin dünýäde tanalýan hem-de tohumy ýitip barýan arassa atlar gadymyýetde “türkmen atlary“, “nusaý atlary“, “parfiýa atlary“, “asman atlary“ adalgalary bilen äleme meşhur bolupdyrlar. Şu ýerde atlar bilen bagly ýene-de örän geňsi bir hadysa bar, ol hem “Gorkut Atany“ okap görseň, onda oguzlar edil beýleki türki kowumlar ýaly atyň etini iýmekden gaýdanoklar, toýda-tomguda-da ýylky öldürilýär. Emma türkmenler beýleki ähli türki kowumlardan tapawutlylykda atyň etini iýenoklar. Türkmenler bedew ölse, ony edil adam jaýlan ýaly jaýlaýarlar. Mysal üçin, “Görogly“ eposynda türkmenleriň atyň etini iýip oturan ýerleriniň üstünden baraýmarsyň. Bu nämäniň alamaty? Meniň pikirimçe, bu türkmen milletiniň millet hökmünde kemala gelşiniň juda çylşyrymlydygyny görkezýär. Oguz taýpalaryny bütewilikde alandan olaryň içinden has soňrak seljuklar ady bilen çykan halkyýet häzirki türkmenlerimize bir basgançak ýakyn görünýär. Olaryň däp-dessurlaram, edim-gylymlaram, dilem, psihologiýasam türkmen halkynyň we milletiniň gutarnykly emele gelmeginde has görnükli rol oýnana meňzeýär. Emma, näçe gynansak-da, seljuklaryň taryhy biziň ylmymyzda entek ýeterlik öwrenilenok, degdim-gaçdym edilýär.

Türkmende “It wepa, heleý biwepa“ diýen nakyl bar. Bu nakyl megerem, “türkmen owçarkasy“ adyny alan goýun iti bilen baglanyşykly dörän bolsa gerek. Çünki kellesi gazan ýaly äpet türkmen goýun itleri edil adam ýaly akylly, bu sözi adamdan öňňe mahluk hakynda aýtmak birhilem bolsa, onda-da olara paýhaslam diýesiň gelip dur. Ine, şol itleriň ata-babalarynyň watanynyň nirededigini güman edýäňizmi? Eger-de, Altaýdyr öýdýän bolsaňyz ýalňyşýaňyz. Köne Nusaý galasynda birnäçe ýyl mundan öň arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilende, gulaklary, guýrugy kesilen, häzirki türkmen goýun itlerine ekiztaý ýaly meňzeş itiň toýundan ýasalan şekiljigi çykdy. Ol şekiljigiň ýaşy iki müň ýyldanam geçýär, ol biziň eramyzdan ozalky döwürde ýasalypdyr.

Bulardan başga-da mysal az däl. Şu topragyň awtohton halklarynyň gözellik baradaky düşünjeleri kümüş şaý-seplerimiziň geňsi formalarynda, nagyşlarynda gizlenip galypdyr. Biziň aýal-gyzlarymyzyň eý görýän kümüş şaý-sepleriniň gadymy nusgalary Parfiýa sungatynyň çuňluklaryna aralaşýar, şondan gözbaş alýar. Gadymy Münendepeden tapylan, biziň eramyzyň II-VI asyrlaryna degişli edilýän hudaý aýalyň heýkelinde onuň lybasynyň öň ýüzi tutuş apbasydan bezelipdir. Kümüş apbasy bezegini biziň gelin-gyzlarymyzyň neneň eý görýändigini il içinde bilmeýäni barmy nä?

Türkmenleriň arasynda musulman dini zorluk bilen ornaşdyrylan bolsa-da, biziň halkymyz häzire-bu güne çenli öz otparaz ata-babalarynyň käbir dini düşünjelerini ýitirmän saklap gelipdirler. Aýa, Güne, oda çokunmak, ýedi ýoluň üstünde ot ýakyp, onuň üstünden towsup, günäňi ýuwmak, “ahyr çarşembe“, “agyr çarşembe“, “gara çarşembe“, çille, nowruz baýramlary, akar suwa sežde etmek, gyzlaryň eliniň çeper bolmagyny diläp, ilkinji tiken börügini/tahýasyny ýa-da başga bir işini daňdan, il örmänkä suwuň boýuna baryp, akar suwa akdyrmak; ot, suw, ýel, ýagmyr ýaly tebigy güýçleriň özlerine gös-göni ýüzlenmek we başga-da onlarça, belki-de, ýüzlerçe ownuk-uşak elementler munuň şaýadydyr. Musulman dininiň kada-kanunlary bilen garyşyp-gatyşyp gidenligi üçin käte olary ýalňyşsyz ýüze çykarmak kynlaşýar. Onsoňam yslam ýerli dinleriň ýaşaýşa ukyply elementlerini ussatlyk bilen özüne siňdirmegiň we olary özüne hyzmat etdirmegiň hötdesinden gelipdir. Bar, bu getirilen delillerem azmyş diýeliň. Eýse, türkmen aýal-gyzlaryny goňşy halklaryň aýal-gyzlaryndan, gaty gidiberse, hatda ähli beýleki halklaryň aýal-gyzlaryndan tapawutlandyryp duran geýim-gejimlere näme diýjek?! Biziň aýal-gyzlarymyzyň biçüwinde geýinýän uzyn köýnekli we aýratyn özboluşly lybasly halky tapaýmak aňsat iş däl. Diňe bir ýat kowumlar-ha däl, hatda türki kowumlaryň arasynda-da beýle golaýlyk ýok diýerlik. Gepiň gerdişi gelende, men türkmen halk döredijiliginden iki setir goşgy getirmekçi:

                    Gök köýnegi dyzyndan,

                    Atly ýetmez yzyndan...

Eýse, muňa näme diýjek? Ine, biziň türki aslymyz! Aňryk gitdigiçe köýnegi ýokaryk çyzgalyp barýan-a däldir-dä? Bu nämäniň alamaty? Tötänden kapyýa üçin düzüläýen iki setirmi? Meniň pikirimçe, meger, beýle däl bolsa gerek. Çünki dyzdan köýnek geýmek ähli türki halklaryň aýal-gyzlaryna mahsus bolan ädehetdir. Bu we beýleki sanalyp geçilen hem geçilmedik ençeme degerli deliller häzirkizaman türkmen milletiniň aslyny gös-göni gadymy türki kowumlar bilen birtaraplaýyn baglap goýjak bolýan ganygyzgyn dyzmaçlary az-kem sowaşdyrmalydyr, oýlandyrmalydyr. Türki medeniýetiniň soňabaka juda agdyklyk eden güýjüne, täsirine garamazdan, bu öwreleriň gadymy medeniýeti, geýim-gejimi, antropologiýasy we belli bir derejede hatda dilidir däp-dessurlary-da saklanyp galypdyr. Iň bir ýönekeýje gözlegler hem häzirkizaman türkmen dilinde ariý-parfiýa sözleriniň, elementleriniň udel agramynyň uludygynyň üstüni açýar. Bu mesele diňe alymlar tarapyndan özüniň düýpli öwrenilmegine garaşýar.

        ***

Antropologiýa ylmy türkmen halkynyň gelip çykyşy dogruda nämeleri habar berýär? Eger-de bu topragyň üstünde gadymyýetde ýaşan adamlar soňsuz uruşlarda gyrlyp tükenen ýa-da ýurt aşyp, uzaklara giden bolsalar, bu taýygam, käbir alymlaryň tassyklaýşy ýaly, düýbünden başga bir halk göçüp gelen bolsa, onda antropologiýa ylmy bu hadysanyň hökman üstüni açaýmaly. Bu meselede şondan takyk ylym ýok diýerlik. Çünki antropologiýa hiç hili şübhä ýol goýmaýan anyk derňewleri geçirýär. Antropologlar gadymy mazarlary agtaryp görüp, birnäçe müň ýyl mundan öň jaýlanan adamlaryň süňklerini, kelleçanaklaryny öwrenýärler. Alnan netijeleri bu giňişlikde häzirki döwürde ýaşap ýören halkyňky bilen deňeşdirip görmegiň kyn däldigi düşnükli bolsa gerek.

Antropolog Orazmuhammet Babakow “Türkmen halkynyň etnogenez problema bilen baglanyşykly antropologiki düzümi“ (Aşgabat, “Ylym“, 1977) atly kitabynda giňişleýin ylmy barlaglaryň esasynda şeýle netijä gelýär: “Türkmenistanyň häzirki türkmen ilaty giňiş territoriýada ýaýrawly oturanlygyna we geçmiş tire-taýpa bölünişiginiň dürli-dürlüdigine garamazdan, tutuşlylygyna alanyňda, gomogen, ýagny birmeňzeşdir. Bu ilat ýewropeid tipine ýagny indoortaýerdeňiz jynsynyň gündogar wariantyna ýa-da L.O. Oşaniniň terminologiýasyna görä, zakaspiý jynsyna degişli edilip bilner. Türkmenler öz kelleçanagynyň gurluşyna görä, dolihosefaldyrlar (süýri kelleliler) we diňe az-kem mongoloid garynjasy bardyr. (Agzalan kitap, 70-71 sah.).

Eýse, aýdaly, birnäçe müň ýyl mundan öň häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda nähili halk ýaşadyka? Biziň eýýamymyzdan ozalky 460-377-nji ýyllarda, ýagny mundan iki müň dört ýüz ýyl çemesi öň ýaşap geçen grek alymy Gippokrat Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda ýaşan halky skifler diýip atlandyryp, şeýle ýazýar: “Bu ýerde süýri kelleliler (dolihosefallar – A.W.) hakynda gürrüň bereýin. Kelle süňki boýunça olara meňzeýän başga hiç bir halk ýokdur. Ilkibaşda kelläni süýri görnüşe getirmek däp bolupdyr, indi bu däp tebigy häsiýete geçipdir, şonuň ýaly-da, olar kimiň kellesi süýri bolsa, ony asylly adam hasaplaýarlar. Olaryň bu däbi şulardan ybarat: olar çaga dünýä inip, heniz onuň süňkleri ýumşajykka, gatamaga ýetişmedik kelläni elleri bilen dogry görnüşe getirýärler. Çaganyň kellesine sargy ýa-da şoňa meňzeş zat daňyp, ony dik ösmäge mejbur edýärler. Şonuň netijesinde kelläniň adaty formasy ýitip, ol süýrüligine ösüp başlaýar“.

Gadymy skifleriň geň-taň galaýmaly bu däbi ýaňy-ýakynlara çenli-de türkmenlerde ýörgünli ekeni. Bu hakynda A.I. Ýarho we L.W. Oşanin ýazypdyrlar. Hut şu däbe esaslanyp, L.W. Oşanin döwürdeş türkmenleriň skif-sarmatlardan gelip çykandygyny öňe sürdi. Bu pikiri antropologlar W.W. Ginsburg, G.F. Debes, taryhçylar S.I. Tolstow, K.W. Trewern we A.Ýu. Ýakubowskiý dagylar hem goldaýarlar. I.I. Ýarho ýaglykdan başga-da türkmenleriň kelläni süýreltmek üçin öz ýaş çagalarynyň kellesine keçe kaporyny geýdirýändiklerini belleýär. Alymyň tassyklamagyna görä, ony aýallar hem geýipdirler. Keçe kapory – bu alkymyň aşagyndan daňylýan bagjykly keçe gulakjyndyr. Belki, şeýle gulakjyny erkek adamlar hem geýendir? “Tapdyň bärde keçe telpek türkmeni“ diýlen gep, belki, şondan galandyr? Emma herhal adamlar bu däbiň hemme türkmen taýpalarynda ýörgünli bolmanlygyny hem belleýärler. Meselem, gazanjykly ýomutlarda (atabaýlar) beýle däp ýok. Emma olaryň hem kelle süňki edil beýleki türkmenleriňki ýaly süýri. Bu bolsa häzirkizaman türkmenleriniň tebigy dolihosefal jynsyna degişlidiginiň subut edýär. Şonuň üçinem belli sowet antropology L.W. Oşanin kyrk ýyldan gowrak wagta çeken barlaglardan soň: “Häzirki Orta Aziýanyň togalak kelleli ilatynyň arasynda ýeke-täk süýri kelleli (dolihosefal ýa-da dolikosefal – adam ýa-da dolihosefallygy bilen tapawutlanýan antropologik tip – A.W.) halk bar, ol hem türkmenler“ diýen ylmy netijä gelýär.