Gaýdýarsyň Ne gözel gözleri goýup gaýdýarsyň Gözellige uýýanlary goýup gaýdýarsyň Elden ele hyjran közi alýarsyň Toprak söýenleri goýup gaýdyarsyň Gözelleri öz ilimde söýsedim Nagmalaryny eşide-eşide doýsadym Lälelerini düýe-düýe köýsedim Nalalar, nagmalar goýup gaýdýarsyň Gözüňge düşende tanyşlaň ýüzi Muň salam, muň ahwal soraýar bizi Şirinden, şirindir öz diliniň sözi Ne şirin dilleri goýup gaýdýarsyň Bir zady ýok, ýoklaýaryn bir zady Näme ka diýip oýlanýaryn köp zada Ýürek eken galyp-dyr, gözel sähram-da Sada , sahy , ýürekleri goýup gaýdýarsyň Sebäp näme, bilmedik biz sebäbin Jogap näme, almadyk biz jogabyn Hiç haçan edmeris,tersiň togabyn Erkinlige köýenleri, goýup gaýdýarsyň Eşitmeýärsiň dos-doganyň sesini Açyp bolmaz ýürekleiň posyny Tanamarsyň adamlaryň pesini Dogany, dos-ýary,goýup gaýdýarsyň Watanyň hiç haçan gözüňden gitmez Ýatlar mylgyryp, ýüzüňe bakmaz Öz iliň kiçe-jik göwnüňi ýykmaz Mäherli ildeşleri, goýup gaýdýarsyň Hyjran berdi bize gam bilen gussa Şöhläni söndürip, lawlady tüsse Tümlige eteläp, oklady pese Sähraň säherini, goýup gaýdýarsyň Näm bolsaň-da bolgun öz iliň bile Güllerimiz solmasyn, hyjran ýel bile Ömrüňi ötürgin dogry ýol bile Enän mährini, goýup gaýdýarsyň Goşgy: Parahat. |