ÖZ ILIME


Taňrym maňa bersin kuwwat,

Ýüregime hem bilime.

Duşanlarym bolmasyn ýat,

Gadam goýsam öz ilime!


Ýigrim üç ýyl ýanyp-köýdüm,

Aýralykdan birçak doýdum,

Her gün arzuw donun geýdim,

Barsam diýip, ýaz ilime!


Watan diýip, urdy ýürek,

Düýşde gördüm, huşa derek,

Ýarym Aýy – misli orak,

Aýdym bilen saz ilime!


Toý tutulsyn, şatlyk-gowur,

Dolup-daşsyn dünýe, döwür,

Güler ýüzüň bärik öwür,

Geldim, dostum, tiz  ilime!


Salam, meniň süýji düýşlem!

Dosty-ýarym, garyndaşlam!

Ýürek joşar, syrym  açsam,

Gözüm düşse  uz  ilime!