UÇURDYM ELIMDEN ŞUÑKAR GUŞUMNY...

            (Elegiýa)                    


Meñ ýanymda ölüm hakda dil ýarma!

Goý, hol derek kesmesin öz şelpesin.

Oñarsañ, gaýgyly habar getirme,

Indi berin eşitmäýin ýas sesin.


Adam herne giç düşünýär bir zada,

Sag günüñ bagt çuñdur, gaýgyñ ýüzleý señ.

Çekmez ýaly hasrat ýokdur dünýäde

Iller aman bolsa, başlaram – esen.


Pitiwa etmeýen, bitindi göwün,

Meñ üçin oýundy pelegiñ şumy.

Ah, bir günem, bir gün, bir betbagt gün

Uçurdym elimden şuñkar guşumy.


Meýlisim sowuldy, galdym men gamda,

Günler soldy paçagy dek gülabyñ.

Giñ dünýäñ gyzygy gaçdy bir demde,

Gülsem, gülküm ýalan, aglasam – agym.


Gursakda gam-gussa goş basdy uzak,

Ýüregim gan öýdi – tenim ýarasyz.

Bu hasrat – ömrüme gurlan bir duzak,

Tüm içre galdym men elim çyrasyz.


Şoñ üçinem misli sansyz kümüş tar,

Derek bes etmesin şelpe kakmasyn.

Bäş günlük dünýäde gussa ne derkar?

Biwagt çak agy sesi çykmasyn.


Ah, ýöne çekmäge niçik güýç ýeter?

Gördüm men pelegiñ agyr şumuny.

Ýüregimde oñ ýerini kim tutar,

Uçurdym elimden şuñkar guşumny…