ŞEMAL AGAÇLARYÑ BAŞYN YRAÝAR!


Goý, ol awa gitsin, ekin eksin ýa,

Bu görnüş adama ilkibaşdan ýar:

Gije, gündiz, tomus, güýzdür, gyşu-ýaz

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Dünýä düşünerden biz juda işli!

Wagt kirşen bolup, gökden syraýar.

Deñimizden geçip, sanýetmez ýaşly

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Çal pişik gap duldan turýar gerinip,

Kempir ýüñ däl, ige ömrün saraýar.

Ýyldyrym çakanda gerşi görünip,

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Aý-günüñ, ýyllaryñ geçmesi añsat,

Gitse-gelmez taýa kerwen guraýar.

Olañ geçip giden yzyny añtap,

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Dünýede ýagşy hem ýaman işler kän.

Olañ ikisi-da bähbit araýar.

Ýagşy, ýaman işleriñe gatyşman,

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Bir geçen ýerinden set müñ köwlenip,

Dagyñ mary ajdarha dek towlanyp,

Biwagt çak tüm garañka duwlanyp,

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Adam öz işine ökdedir. Ýöne

Öz işine ökde ýene Biri bar!

Bu iñ gadymy heñ. Sözleri köne.

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!


Elbetde, dünýäniñ ahwalaty geñ.

Ol bir wagtda ýitýär hem-de döreýär.

Ah, düşünseñ, senden müñ ýyl öñ hem soñ

Şemal agaçlaryñ başyn yraýar!