ENÄNIÑ SARGYDY


”Oglum, uly adam

Bolarsyñ erte,

Seniñem başyñda

Aladañ arta.


Ýöne bir sargydym

Unutma hergiz.

Gara başyñ gamyn

Iýmegin ýalñyz.


Tañrydan dilejek

Zadyñy dile.

Ýöne hem özüñe

Hem dile ile!


Señ öýüñ abatdyr

Diñe il bilen.

Diý: ”Ilim sag gezsin,

Içinde bizem!”


Aý dogsa, ýüzüñe

Sylgyn her gezek.

Şükürlä hudaýam

Etmezmiş gazap.”


Garryñ özi bilen

Gitdi Hudaýy.

Emma öñki ýerden

Dogýar oñ Aýy.


Kim Hudaýa uýýar

Indi bu çakda?

Emma sada sargyt

Galdy gursakda.


Şoñ üçin, Aý dogsa,

Diýýän şindizem:

”Il-günem sag gezsin,

Içinde bizem!”