OTLY


Sarsdyrýar güwwüldi! Sarsdyrýar tizlik!

Otly gidip barýar böwsüp tümlügi.

Ýeriñ üsti çañap ýatan tekizlik,

Diñe öñe garşy onuñ ümzügi.


Gorkýan, ýol gutaryp, ýatyr bagtymy,

Otly uçar gider bir kert gaýadan.

Wah, neçün aýadym ozal wagtymy?

Wah, neçün ozal men ömrüm aýadym?


Köýer gider indi azap hem yhlas.

Soñlanmadyk işi galýar kim gitse.

Otlynyñ yzyndan arýança ylgap,

Çyra ýitip gidýär galyp tümlükde.


Neçün erbetlige ýol goýdum men, ýar,

Neçün gylaw aldy salymdan ýaman?

Çyn söz arka gözläp uzak aýlanýar,

Basym hossar tapýar özüne ýalan.


Arman, indi pursat ýokdur ýaşara,

Ýetişmen ýalñyşlañ düzänin görüp.

Otly gijeleri hüwdüläp barýar!

Gidip barýar gündizleri oýaryp!


Kupeden daljygyp çykýaryn ylgap,

Ýolbelet! Aýt, öñde näçeräk ýol bar?

Haçan ýetýäs biz iñ soñky duralga?

Bu howply ýol dowam eder niçezar?


”Ýeterlik dälmidir barsak biz esen?”

Ýolçy şeýle diýip, ýalta pallaýar.

Garşylap hem ugratmaga ram eden,

Ýolugra bir gyzyñ eli galgaýar.


Añýan gysgalypdyr meniñ ýollarym.

Indi nämä ökünýärin, ýeri, men?

Özümi durmuşa görä ýonmadym,

Bir zarbada ýeñjek boldum şeri men.


Ägirt tizlik. Tizlik guwdurap barýar.

Öñde tümlük kä ýagtylyp, goýalyp.

Otly gijeleri hüwdüläp barýar!

Gidip barýar gündizleri oýaryp!