SOWAL WE JOGAP


Mañlaýda ne bolsa, baryn görmäge,

Geldim bu ýalançy, ýagty jahana.

Bu dünýä bäş günlük ömür sürmäge,

Hem özümi tanamaga bahana.


Söýdüm men kirpigi ok dek gyzlary,

Kyrk aşygy ýakan her bir ädimde.

Ol gyzlañ wepaly gara gözleri,

Näzik dodaklary galdy ýadymda.


Bu gün özge derde uçrady başym,

Otuz iki ýaşy arka atamda.

Il-günüñ, topragyñ gaýgysy işim,

Men wepa gözledim ata Watandan.


Höwesim – at münsem düzi gulaçlap,

Ötmese deñimden biparh görk meniñ.

Murgap derýañ läbik suwundan başlap,

Boýlap çyksam, çeşme-çaýyn türkmeniñ!


Ýetim gözýaş dökse, gulagmy tutsam,

Derdine em etsem döwlen agajyñ,

Bet niýetliñ özün oýnunda utsam,

Bil tutuşsa, tapsam onuñ alajyn.


Öz elinde bolsa halkymyñ erki,

Çagalam gürlese ene dilimde,

Başyndan inmese il üçin gorky,

Är ýigde gorky ýok şahsy ölümde.


Öz başymy il öñünde egmäge,

Kişi başyn egdirmäge gelmedim.

Men bu dünýä il göwnüne degmäge,

Ýa göwnüme degdirmäge gelmedim!


Bu bir gedemlik däl

Ýa ”men-menlik” däl,

Parhlydyr her kesiñ ömrüniñ baby.

Men – bu dünýä berlen anyk bir sowal,

Hem özüm oñ – ýalñyz dogry jogaby.