HOŞLAŞYK


Ölsem, gömüñ bizden edip kepenim!

Kybla bakdyryñ siz solgun ýüzümi.

Biliñ meniñ ajalymyñ ýetenin,

Ýas baglasyn Gara öýleñ üzügi.


Türkmen öýleriniñ mähri ýadymda,

Arman, indi serpmäñ ýüpün çözmerin.

Gidýärin jahandan aýny ýaşymda,

Guşgözli sährada goýup gözlerim.


Dünýe watanydyr diñe dirileñ,

Bir gideñsoñ, gaýdyp yza gelinmez.

Galýar munda syrly gözeller bilen,

Açylan syr kimin gözel gelinler!


Aşakda Ene ýer, depämde asman,

Tabydym bolmasyn bu gumdan başga.

Bar dilegim, dursun il-günüm sarsman,

Öñünde günäm ýok dogumdan başga.


Bu illerden gözel ili görmedim,

Mesirgäp çykmadym dogduk ilimden.

Çöpejanbitdä-de azar bermedim,

Basmadym men garynjanyñ bilinden.


Şoñ üçinem bizden ediñ kepenim,

Kybla bakdyryñ siz solgun ýüzümi.

Biliñ meniñ ajalymyñ ýetenin,

Ýas baglasyn Gara öýleñ üzügi!