DYNÇ GÜNI


Golaý-goltumymda adam-gara ýok,

Ýok bu gün bir alyp barýan işimem.

Hatda myhman-mediwanam gelenok,

Ýogsam, an-ha, açyk dur meñ işigim!


Nämedir bir zada güýmenmek gerek,

Gün geçirgiç bir iş tapylsa ýagşy.

Ýogsa-da, öýümem köneldi bir çak,

Geçirip dur üçeginden gar-ýagşy.


Köne ädik geýip çykdym men jaýdan.

Görsene, bu sandan çykan ýaltany!

Rendäni getirdim gidip saraýdan

Hem elime aldym çekiç, paltany.


Soñra hyjuw bilen girişdim işe:

Suwag gaçýar, pol hem çar ýana ýortýar.

Ýonýaryn, çüýleýän – neneñsi pişe!

Men işleýän. Ýöne kemçilik artýar.


”Ah, muny düzedip bolasy ýok-la,

Bu bir köne saraý, bir köne salgym!”

Diýdim-de, çekiji, paltany oklap,

Kagyz-galamymy elime aldym.


Goh ýok. Täk odun peç edýär perýady.

Penjireden düşýän ýagty çala üm.

Öwrenje dek goşga çem gelen zady

Saljak bolup, bir günümi ötürdim.