DURMUŞ HEÑI


Baglar hellewleşýär ýagşa ezilen!

Durmuş çalýar öz gadymy heñini.

Lummurdaýar däli derýasy bilen,

Güwwüldisin kesenok oñ deñizi.


Bagt dälmidir ýaşap ýörseñ jahanda?

Gün bilen dogsañ hem Gün bilen ýaşsañ?

Al-asmanda ýyldyrymlar çakanda,

Bag astynda söýgüliñe garaşsañ?


Bar zat täzelenýär aý-ýyl öwrülip,

Ýykylan geçmişler köşgi-galaly.

Täze dünýäñ her gün irden örülip,

Bir birege eçilinýän salamy.


Her gün göge galsyn torgaýlañ sesi,

Durmuş çalsyn her gün baky heñini.

Lummurdasyn mydam däli derýasy,

Güwwüldisin kesmesin oñ deñizi.


Nesiller çalyşýar, çalyşýar orun.

Her nesil dünýäni bir gez beýgeldýär.

Ýoluny, ýodasyn köneltmän onuñ,

Tersine, azajyk täzeläp gidýär.


Şoñ üçin eşidip durnalañ sesin,

Diýýän, şapak girse gyzyl donuna:

”Ylaýym, bu dünýä baky ýaşasyn

Hem aýdym düzülsin onuñ şanyna!”