GÖROGLY HEM BALY BEG

 

Nisbijahan şäherinde Baly beg, Doly beg, Depel batyr diýen üç agaly-inili han bardy. Şularyň kiçisi Depel batyryň aýaly . Dilberjemal Çandybilde Göroglynyň soltan bolup ýören zamanynda ol barada eşidip, oňa aşyk boldy. Günleriň bir gününde Baly beg, Doly beg, Depel batyr uçüsi ýanynyň birnäçe müň esgeri bilen awa-şikara gidenlerinde, Dilberjemal şäherden bir kempir tapyp, bir bedew ata mündürip, erkek suratynda geýindirip, goluna bir nama berip: «Eger şol Göroglyny hiç kime bildirmän, maňa getirip berseň, bir tulum altyny saňa bermek wada bolsun!» diýip, ýola saldy.

Kempir birniçe gün ýol ýörip. Çandybile gelip, arzy-namasyny Görogla berdi. Görogly okyp görüp, muny Agaýunusa duýduranda ol:

— Eý, Görogly, häzňr bu kempiriň başyny kes. Meniň aýdanymy et, ýogsa zor jepa galarsyň! — diýdi.

— Weý-weý, Agaýunus jan, men dünýäde bir ata, bir de gözele aşyk men. Ýene-de ol namasynda «Görogly mert bolsa geler, namart bolsa gelmez» diýip aýdany üçin, men bir aýalyň sözüniň astynda galjakmykam?Ol söz kyýamatyň namysy — diýip, sowut-sagdagyny asynyp, Gyratyna münüp, kempir bilen ýola rowana boldy.

Ýolda bir agylyň ýelesinde dynç alyp ýatanynda,aýak-goly kündeli, özüni gyzyl gan içinde görüp oýanyp:

**Çagyrdyp iberen bir aýal, çagyryp gelen bir aýal,barma diýgen bir aýal, bu üç aýalyň ortasynda meniň  gyzyl gana bulaşmagym näme?» diýip, haýran bolup,Görogly şol ýerde bir gazal aýtdy:


Görüň, bäş günlük dünýäde,

Dahan ört oldy, ört oldy.

Uşbu namyrat zamanda

Namart mert oldy, mert oldy.


Hany begler, hany-hanlar,

Guraldy agyr diwanlar,

Göçüp ança süleýmanlar

Ýeri ýurt oldy, ýurt oldy.


Aşyk geler aka-aka,

Ýüz ýollanyp daglar ýyka

Ýar ýoluna baka-baka,   

Gözüm dert oldy, dert oldý.


Namartlaryň  bolmaz lebzi,

Kebaba köýdürdi bizi,

Bir namardyň aýdan sözi

Jana dert oldy, dert oldy.


Görogly aýdar, men hezaram,

Dertli janymdan bizaram,

Her niçe misgin gezerem,

Adym gurt oldy, gurt oldy.


Mundan soň Görogly soltan kempirin öýüne gelip,sowut-sagdagyny hem Gyratyny oňa taşlap, geda sypatynda aýagyna çaryk geýip, egnine bir horjun salyp, Dilenji bolan bolup, Dilberiň gapysyndan gelen zamanda, bir gapyçy bardy, ol Göroglyny içerik ibermedi.

Görogly: «Her biriňize ýedi altyn bereýin» diýdi. Baýaky gapyçylaryn başlygy aýtdy: «Ýa, aýt, sen akmak kişimi sen, bize ýedi altyn berip seniň tamaň näme?» diýdi. Görogly; «Size ýedi altyn bersem, han balasydyr, sahawat eýesidir, Dilberden ýedi, ýedi-on dört altyn tamam bar» Diýdi, Gapyçy kişi: «Munuň altynlaryny alalyň, bize allanyň beren zadydyr. Dilber özüni it ýaly edýp Kýwup çykarar» diýende, barysy makul görüp, altynlaryny alyp, Göroglyny iberdiler.

Görogly ýedi gapyny açyp, Dilberiň ýanyna gelse, ol düşegiň üstünde, mahmal ýorgan ýapynyp, çymylganyň içinde ýatyp, oýanyp, ukuly göz bile Göroglynyň gelenini görüp, aňry garap, ýüzüni Dönderip ýatyberdi. Şol halda Görogly ýakyn gelip, goluna Sazyny alyp, bir gazal aýtdy:


Dilber, seniň dilejegiň,

Malmydyr, başmydyr  nedir?!

Gurup sen egri kemaňyň;

Gözmüdir, gaşmydyr nedir?!


Goç ýigitler awa çykar

Guş salyp, tebilbaz kakar,

Dilber gyýa-gyýa bakar,  

Bilmen, serhoşmydyr nedir?!


Dilber öz ähtinde Handyr,

Saňa gurban şirin jandyr,

Elleriň gyrmyzy gaňdyr,

Kesdigiň başmydyr, Nedir?!


Dilber seň ýokdur amalyň

Gurup sen egri kemanyň,

Seriňe salgan dumanyň,

Bu ganly gaşmydyr, nedir?!


Görogly aýdar, intiezrym,

Gitdi elden ygtyýarm,

Oýan-ha, gül ýüzli, ýarym,

Gördügiň düýşmüdir, nedir?!


Görogly bu gazaly aýdan zamanda; Dilberjemal oýandy, Göroglyny tanady. Görogly Oňa garap, ýene bir gazal aýtdy:


Açyldy husnuň kitaby,

Ilden illere-illere.

Bulandy çeşmäniň aby,

Zilden zillere-zillere.


Aşyk magşuga duş geler,

Arzylumdan peşgeş geler,

Iki dideden ýaş geler,

Döner zillerden-zillere.


Saky, doldur, meý içeli,

Köňül kinesin açaly,

Mydam ölmeýin geçeli,

Çandybillerden illere.


Seni alan şerli bolar,

Gözi-ýüzi derli bolar,

Görogly aýdar, arly bolar,

Düşup dillerden-dillere.


Görogly bu gazaly tamam etdi. Baly beg, Doly beg, Dopel batyr — üç begzada dolanyp geldi. Baýaky ýedi gapyçy — barysy jem bolup, ýyglaşyp, eňreşip, önlerinden çykyp: «Bu gün ýedi gündür, bir adam gelip, ýedimizi ýedi ýerde agdaryp ýykyp, Dilberniň gapysindan girip gideni. Yzyndan gireli diýsek, Dilberden gorkup, girmäli diýsek, sizden gorkup, gaty jepa gordük» diýip zar-zar aglaşdylar. Gör, şol halda Baly beg gahar edip: «Ol Göroglydyr!» diýip, pälwan jellataryna emr etdi.

Göroglynyň goluny, aýagyny gulp-zynjyr bilen sarap, Baly begiň huzuryna alyp getirdiler. «Aýt rastyňy, Görogly bolsaň azat edermiz, däl bolsaň, öldürermiz!» diýdiler. Görogly goluna sazyny alyp, Baly Bege garap bir gazal aýtdy.


Geldim munda, gulp bilen baglandym,

Baly begim, men Görogly degilem!

Gapyl idim, gelip munda eglendim,

Baly begim, men Görogly degilem!


Göroglynyň egrem-bugram ýoly bar,

Gyratynyň altyn-kümüş naly bar,

Men dek imes nije müň bir aly bar,

Baly begim, men Görogly degilem!


Meniň sygyndygym erenler, pirler,

Gyrata münende, titreşer ýerler,

Bizi tanamadyk Görogly diýrler,

Baly begim, men Görogly degilem!


Meniň sygyndygym hezret Alydyr,

Aýdan sözum muhannese bellidir,

Görogly diýeniň uşbu dälidir,

Baly begim, men Görogly degilem!


Öldurseňiz, günähime galar siz,

Iberseňiz, sogapkärden bolar siz,

Görüň oglun Çandybilden alar siz,

Baly begim, men Görogly degilem!


Baly begim, meni mundan boşandyr,

Bu ýigitlik saňa külli nyşandyr,

Adym sorsaň, bir söwdagär Röwşendir,

Baly begim, men Görogly degilem!


Mundan soňra Baly beg külli halkyny tomaşa durzup, Göroglyny eneden bolan ýaly edip ýalaňaçlap, ýüzüne-gözüne hapa  çalyp,  gara eşege ters mündurip, oramdan-orama gezdirip, duş-duşundan daş atdyryp, şol terzde bir gije-gündiz gezdirip, öler hala gelende getirip: «Aýt rastyňy, Göroglymy sen?!» diýdiler. «Ýok, degilem» diýdi. Mundan soň, Baly beg emr etdi: «Bu köpeý ogluny arkasyny tagta danyp, suwa taşlap goýuň!» diýdi. Baýaky jellatlar Göroglyny ýalaňaç görnüşde uzyn boýuna ýatyryp, bir kesik tagta mäkäm daňdylar. Göroglyny Araz derýanyn sowuk suwuna taşlap, üşedip, öldüm diýende, tutup çykaryp, äkidip, sorady-lar:

— Aýt rastyňy, Göroglymy sen?!

Görogly:

— Degilem! — diýdi.

Emma mundan soň Baly beg dar agajyny bejerip, Göroglyny şol tagta daňylgy ýagdaýynda daryň astyn-da eltip goýdy. Şol halda Görogly özüniň bu halyna puşman bolup, pelekden şikaýat edip, bir gazal aýtdy:


Gahba pelek, seniň meniň döwrümde

Uçdy bilbillerim, güllerim galdy!..

Paç bermedim şahdan gaýry kimsäge,

Ile dessan bolan dillerim galdy.


Ýigitlerim bardyr bili gylyçly,

Batyr arslan hüýli, aç gurt alyşly,

Desterhan üstünde şirin ülüşli,

Aga Röwşen kibi illerim galdy.


Ýigitlerim bardyr hemmä mähirli,

Goly pyýalaly, esbaby zerli,

Asty arap atly, altyn eýerli,

Dyrnagynda polat nallarym galdy.


Görogly aýdar, Rumy, Kaýsary çapdym,

Men özüm başyma bu derdi tapdym,

Istäp kişi öýün, öz öýüm ýykdym,

Baglarymda ragna güllernm galdy.


Mundan  soňra   Görogly  janyndan  tamasyny üzüp, dar astynda ýatyşyna ýene bir gazal aýtdy.


Çandybilden aşyp geldim,

Ýolum, ha medet, ha medet!

Yşk oduna düşüp geldim,

Ýolum, ha medet, ha medet!


Bar gylyjym, bar bir atym,

Aýyrdy, galmady zatym,

Hany meniň memleketim,

Ilim, ha medet, ha medet!


Öwezim turar, oturar,

Mollasyn ýada getirer,

Men ölsem, kimler göterer,

Tenim, ha medet ha medet!


Uja dagdan aşyp geldim,

Akyl-huşum çaşyp geldim,

Ýar yşkyna duşüp geldim,

ha medet, ha medet!


Bilbil pygan eder gülde,

Gül müddehi solar külde,

Görogly aýdar Çandybilde,

Pirim, ha medet, ha medet!


Mundan soň Baly beg külli halkyny çagyryp, maslahat eden zamanynda ulug-kiçig, ýygnanan halk: «Eý, han, bu Göroglynyň özi däl bolmasyn, muny sen asyp öldürseň, ondan soň Görogly biziň urugymyz-da zat goýmaz» diýdi. Baly beg gelip, wezirleri bilen Göroglydan sorady: «Sen neçün Görogly diýip haýkyrar sen?!» Görogly: «Görogly dogan daýymdy, ony şonuň üçin çagyrýan» diýdi.

Mundan soň Baly beg Göroglyny boşadyp, öýüne girizip, iki gije-gündiz sylap, astyna bir ýagşy bedew mündürip azat etdi. Görogly baýaky kempiriň öýune gelip, sowut-sagdagyny asynyp, Gyratyna munüp çykdy. Şäheriň çetinde Baly begin alty ýüz alma göz dal bedewi ýyglyp ýatyrdy. «Baly bege Göroglydan salam diý, meni bir tanasyn!» diýip, nagra urup, ýylkyçynyň başyny kesip, ganjygasyna dakdy. Bedewleri haýdap,Çandybile garap, birniçe daglardan  aşyp barşyna  Görogly oýlandy: «Meniň munym namart -lyk eken. Men ýaňy ýene habar iberdim, bedewlerini ýetip alyp galsyn diýip. Ol meni näme bile kowup ýetjek? Men  häli-de  bedewleri  taşlaýyn» diýip,bedewleri yzyna eltdi. Mundan soň Baly beg Göroglyny  bir niçe ýüz esger bilen kowup ýetdi. Görogly dönüp gaýdyp, aç gurt ýaly at salyp, esgerini gyryp, Baly begi dirileýin tutup alyp, Çandybile getirip, özüniň başyna ne külpet salan bolsa, şonuň ýaly jeza berip ahyryn-da Baly begi azat edip, öten günlerini ýat edip, golun-da sazy, agzynda sözi, Görogly bir gazal aýtdy:


Baly beg, bu hyýal gelermi ýada,

Göroglyny tutan günler nej1 oldy?!

Arz eýleseň, kim ýetişer bu dada,

Göroglyny tutan gunler nej oldy?!


Çagyrşaly kim atadyr, kim ene,

Bu dertden gutulsaň, gyýaly jana,

------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Nej, nije — nähili,


Goçaklaryň ýene gelsin meýdana,

Göroglyny tutan günler nej oldy?!

Ýurda etdiň gulluk eýläp baýlara,

Gökde ýyldyz hyzmat kylar aýlara,


Goly baglap batyrdyňyz çaýlara,

Göroglyny tutan günler nej oldy?!

Görogly diýr, mundeý maly neýläýin,

Ýygyp bolup, dälilere paýlaýyn,

Türkmenem, mert menem, azat eýläýin,

Göroglyny tutan günler nej oldy?!


Mundan soňra Baly begi azat edip, sylap, hormatlap, ýagşy bedewe mündürdi. Baly beg gitjek bolan zamanda: «Eý, Görogly, düş munda, ikimiz antly dost bolaly, bir-birimize gylyç uruşmaly!» diýdi. Görogly: «Siziň bilen ykrar goýmaz men! Size hergiz ynanman. Bar gaýt!» diýip uzadyp iberdi.