ZEH
ZEH1N [zehi:n], Akyl ýetirmeklik taýdan adamda bolan tebigy ukyp, talant. Boris Godunowyň örän zehini bolupdyr (SSSR taryhy). Watanymyzyň ösüşine jany-teni bilen guwanýan her bir ýazyjynyň döredijilik zehini joşman durup bilmez («Sowet adebiýaty» žurnaly).<> Zehiniňi ýakmak öwretjek bolup, biderek jan çekmek, bir zada gaharyňy getirmek, käýinmek. Olar zehinlerini ýakýarlar (A. Gowşudow, Eserler). ZEHINLI [zehi:nli], Zehini güýçli bolan, ýiti zehini bar bolan, talantly, ukyply. Zehinli şahyryň döredijiligi hemme taraplaýyn ösüp başlady («Sowet Türkmenistany» gazeti). Zehinli bolanyňa göre, hemme derslerden gowy bahalar aldyň. ZEHINLILIK [zehi.nlnlik], Zehini güýçlülik, zehini ýitilik, ukyplylyk, talantlylyk. Mugallymlar onuň ajaýyp zehinlidigini we poeziýany aýratyn gowy görýändigini belleýärdiler (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler) Gurt özüniň ýiti zehinliligi bilen ökde hat-sowatly. bolupdy (A. Gowşudow, MähriWepa). ZEHINSIZ [zehi:nsiz], Zehini ýok bolan, kütek zehinli, talanty bolmadyk, ukypsyz, körzehin. Öwez zehinsiz däldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). ZEHINSIZLIK [zehi:nsizlik], Zehnnli dällik, zehini ýokluk, akyly küteklik, talantsyzlyk, ukypsyzlyk. |