ZAL |
||||
|
|
ZAL, 1. Köpçülikleýin ýygnaklar we başga çäreler geçirilýän giň jaý. Zaldakylaryň joşgunly sesi kluby sarsdyrdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Ýaşlar zala giren batlaryna turnige ýapyşýardylar («Pioner» žurnaly).2. Myhman kabul edilýän giň otag. ZALP, Bir näçe tüpeňin. ýa-da topuň komanda bilen birden atylmasy. Artilleriýa salýutynyň otuz zalpy güşürdedi («Pioner» žurnaly). Wepa Amanyň toplarynyň birinji zalpy boldy (A. Gowşudow, Mähri Wepa). ZALUWAT [za:luwa:t], Täsin galmagy aňladýan söz, zaňňar. Ahaw, zaluwatlar, eger ol geläýse, siziň hemmäňizi iýer («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Gowaçalary gyryp gutardyň, zaluwat, sakla! («Sowet edebiýaty» žurnaly). ZALYM [za:lym], 1. Hiç bir kanuny äsgermän, adamlary ezýän, adamkärçilik sypatyny ýitiren, ejizlere ganym, rehimsiz hökümdar. Zalymlar zulmundan gutaryp başyn, Zähmetkeşler tanady öz gardaşyn (Molla-murt, Saýlanan eserler). Nebisjeň baýlar ýok, zalymlar ýok, Mülkdar ýok hem ezilýän jandar ýok («Oktýabrь ýalkymy»). 2. Rehimsiz, ýowuz, doňýürek. Meret obanyň zalym baýlaryndan bular ýaly nejis işleriň ýüze çykjagyny başdan-da oslaman durmaýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Zalymyň zulumyndan, şermendäniň şerinden (nakyl). ZALYMLYK [za:lymlyk], 1. Rehimsiz hökümdarlyk, Sütemkärlik. Halk onuň körlügi üçin däl-de, zalymlygy üçin garşylyk görkezýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2.Doňýüreklik, ýowuzlyk. Onuň ýönekeý sada gürrüňinde garaňky dünýäde höküm sürýän zalymlyk, deňsizlik şekellenýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). |