SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖZA

ÖZB

ÖZG

ÖZD

ÖZE

ÖZL

ÖZÖ

ÖZS

ÖZH

ÖZY


ÖZAKYMLAÝYN [ö:zakymlaýyn], Öz akymy boýunça, öz-özünden, özakymly halda, özbaşdak, guramaçylyksyz. Şol döwürde türkmen jemgyýetindäki synpy göreşiň diňe bir özakymlaýyn närazyçylyk bilen çeklenendigi az ehtimaldyr («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).


ÖZAKYMLY [ö:zakymly], Öz akymy bilen bolýan, özakymlaýyn bolup geçýän, özüçe hereket edýän. Daýhan gozgalaňlary özakymly häsiýetde bolupdyr (SSSR taryhy).


ÖZAKYMLYLYK [ö:zakymlylyk], Özakymly haldalyk, özakymly ýagdaýdalyk, özbaluşlylyk. Işde özakymlylyk.


ÖZARA [e:za:ra], Biri-biri bilen, biri-biriniň arasynda, öz-özleriniň arasynda. Dünýedäki hemme predmetler, wakalar özara aragatnaşykly, biri-birlerine baglanyşyklydyrlar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Agitpunktda agitatorlaryň özara pikir alyşmaklary guralýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).