SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖÝD

ÖÝE

ÖÝG

ÖÝJ

ÖÝI

ÖÝÝ

ÖÝK

ÖÝL

ÖÝM

ÖÝÖ

ÖÝS

ÖÝT

ÖÝÜ


ÖÝLE, Günortanyň soň ýanyndaky wagt, günün orta-dan geçen wagty. Gün öýleden agyp, kölege ep-esli uzap başlapdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Wagt öýle-den aganda, doktor ony nähoşlaryň arasyna alyp bardy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÖÝLENDIRMEK, Gelin, aýal alyp bermek, öýli--işikli etmek, öýermek. Öz oglum ýaly edip, Seni men öýlendirjek (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).


ÖÝLENMEK, Gelin, aýal almak, öýli-işikli bolmak, maşgala durmuşyny gurmak. Balam, indi saňa öýlenmäge wagt ýetipdir (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Annagulynyň deňindäki oglanlaryň köpüsi öýlendiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÖÝLI-ILLI [öýli-i:lli], ser Ö ý l i-i ş i k l i. Öýli-illi adam bolmagyň gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖÝLI-IŞIKLI [öýli-i:şikli], Öýlenen, aýally, maşgalaly. Ýer-suw hojalykdaky sanyň näçeligine garamazdan, diňe öýli-işikli adamlara berlipdir («Edebiýat»). Ony öýerdik, öýli-işikli etdik (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ony öz elleri bilen öýli--işikli etmegiň arzuwyny ederdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖÝLI-IŞIKLILIK [önli-i:şiklilik], Öýli--işikli ýagdaýda bolmaklyk, öýlenmeklik, aýallylyk, maşgalalylyk.


ÖÝLÄN, Öýle bilen peýşine, ikindine çenli bolan wagt, peýşin. Ertir işe, öýlän öýe geçerin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖÝLÄNLIK, Öýlän wagtlary iýilýän nahar. Öýlänlik edindim.


ÖÝLÄNÇI, gepl. d. 1. Öýlän wagtlary ýagýan ýagyş. Ynha älemgoşar parlar asmanda, Bahar wagty biziň Türkmenistanda, Şunuň ýaly waka köp üns birler, Muňa biz tarapda «öýlänçi» diýrler (A. Keknlow, Söýgi). Öýlänçi ýene turup ugrady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Öýlänçi geldi. 2. Öýle bolandan soň başlaýan (okuwçy, işçi we ş. m. hakda). Öýlänçiler gelip başladylar.