OLIGARH, 1. Oligarhiýanyň çleni 2. Monopolistik kapitalyň wekili, imperialist. OLIGARHIÝA, 1. Gadymy wagtlarda we orta asyrlarda: aristokratlaryň ýokary gatlaklarynyň agalyk etmekligine esaslanan döwlet. 2. Iri monopolistik kapitalyň wekilleriniň we imperialistleriň uly bolmadyk toparynyň syýasy we ykdysady agalygy.
OLIMPIADA, 1. Gadymy Gretsiýada: olipmiýa oýunlarynyň her dört ýyldan bir gezek geçirilýän baýramçylyk ýyly. 2. Olimpiýa oýunlarynyň dört ýyldan bir , geçirilýän sport ýaryşy. Mekdep olimpiadasyny geçirmeklik hem planaşdyryldy («.Mydam taýýar» gazeti).
OLIF, Ýagly reňk öndürmek üçin gaýnadylan kenep ýa-da kendir ýagy, elip ýagy. |